Türkmenistan we BMG 2025-nji ýylyň ösüşini seljerip, 2026-njy ýyl üçin ileri tutulýan ugurlary tassyklady
25 fewral 2026
2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda, Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Hökümeti we BMG-niň Ýurt boýunça topary Ýolbaşçy toparyň mejlisini geçirip, Durnukly ösüş boýunça BMG bilenTürkmenistanyň arasynda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň çäklerinde gazanylan ösüşleri seljerdiler hem-de 2026-njy ýyl üçin Bilelikdäki iş meýilnamalaryny tassykladylar.
Mejlise Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary we BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy bilelikde ýolbaşçylyk etdiler. Duşuşyga milli ministrlikleriň we BMG-niň agentlikleriniň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar. Gatnaşyjylar dolandyryş we adam hukuklary, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, howa durnuklylygy, şeýle hem saglygy goraýyş, bilim we durmuş taýdan gorag hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça gazanylan üstünlikleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Netijeler toparlarynyň ýolbaşçylary 2025-nji ýylda gazanylan esasy üstünlikleri beýan edip, 2026-njy ýyl üçin ileri tutulýan çäreleri kesgitlediler. Şeýle-de maslahatlaşmalarda BMG ulgamynyň maliýeleşdirilişiniň dünýä derejesindäki meýilleri, BMG-niň Maliýeleşdirme Şertnamanyň (UN Funding Compact diýip atlandyrylýän BMG bilen dünýä döwletleriň arasyndaky ösüş maksatnamalary maliýeleşdirmegi üpjün etmek boýunça meýletin şertnama) ileri tutulýan ugurlary, BMG-niň Ýurt boýunça seljermesiniň täzelenmesi, Bilelikdäki maksatnamalar, şeýle hem hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň Maliýeleşdirme meýilnamasy we Serişdeleri jemlemek strategiýasy (2026–2030-njy ýyllar) hem-de Durnukly ösüş maksatlarynyň görkezijileri boýunça hasabatlylygy güýçlendirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mundan başga-da, BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapaçenko yzygiderli geçirilýän Ýurt boýunça seljermä esaslanýan bilermenler arasyndaky gepleşikleriniň ähmiýetiniň artýandygyny nygtady. Ol şeýle “Açyk gepleşikleriň” strategik ösüş ugurlarynda möhüm meseleleri çuňňur ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýändigini aýtdy. BMG-niň Ýurt boýunça topary tarapyndan taýýarlanan çaklama maglumatlaryna esaslanyp, energetikanyň geljekki ösüşiň mümkin boljak görnüşleri boýunça nobatdaky “Açyk gepleşik” duşuşygyny geçirmek teklip edildi. Täzelenen Ýurt boýunça seljerme BMG-niň Baş sekretarynyň “BMG 2.0” Gün tertibine laýyklykda täze “geljekde boljak wakalaryň üstünde oylanmalar” çemeleşmesi arkaly taýýarlanyldy. Bu bolsa howplary we mümkinçilikleri öňünden anyklamaga hem-de bilelikdäki maksatnamalary we maliýeleşdirmegi ileri tutulýan DÖM özgertmelerine has takyk gönükdirmäge mümkinçilik berýär.
Ýolbaşçy topar täze hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň dolandyryş we utgaşdyryş mehanizmlerini, 2026-njy ýyl üçin Bilelikdäki iş meýilnamalaryny, Köpýyllyk maliýe çarçuwasyny hem-de 2026–2030-njy ýyllar üçin Serişdeleri jemlemek we hyzmatdaşlyk strategiýasyny tassyklady. Şeýle-de agzalar milli derejede güýçli bilelikdäki maliýeleşdirmegiň ähmiýetini we Netije toparlarynyň arasynda yzygiderli hyzmatdaşlygy nygtadylar hem-de DÖM-e ýetmekde milli ösüşi has netijeli gözegçilikde saklamak üçin hasabatlylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmäge ylalaşdylar.
BMG-niň Ýurt boýunça topary Türkmenistanyň milli ösüş ileri tutulýan ugurlaryny durmuşa geçirmekde, durnuklylygy pugtalandyrmakda, ýokary hilli hyzmatlaryň elýeterliligini giňeltmekde, hukuk esasly çemeleşmeleri ilerletmekde hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegi çaltlandyrmakda mundan beýläk-de goldaw berjekdigini tassyklady.