Türkmenistanyň wekiliýeti adatdan daşary ýagdaýlarda gender zorlygyna garşy göreşmegiň halkara ülňülerini öwrendi
05 mart 2026
2026-njy ýylyň 25–27-nji fewraly aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde adatdan daşary ýagdaýlarda gender zorlygyna garşy göreşmek meseleleri boýunça sebitleýin seminar geçirildi. Beýik Britaniýanyň Hökümetiniň goldawy bilen UNFPA tarapyndan gurnalan çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, şol sanda Goranmak, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Içeri işler ministrlikleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň hünärmenleri gatnaşdylar.
Seminaryň esasy maksady adatdan daşary ýagdaýlarda gender zorlygynyň öňüni almak meselelerini öwrenmekden hem-de minimal standartlar we taýýarlyk çärelerini amala aşyrmakda gender meselelerini we utgaşdyrmany güýçlendirmekden ybarat boldy. Gatnaşyjylar adatdan daşary ýagdaýlarda klaster ulgamyny guramak, aýallar we gyzlar üçin howpsuz ýerleri döretmek, psihososial goldawy guramak, şeýle hem "hiç kimi yzda galdyrmazlyk" ýörelgesine eýerip, ilaty hemmetaraplaýyn goramak maksady bilen pudara aragatnaşygy utgaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle-de seminaryň dowamynda töwekgelçiliklere baha bermegiň usullary, ynsanperwer işlerini utgaşdyrmagyň gurallary hem-de adatdan daşary ýagdaýlarda gender zorlygynyň we jynsy ekspluatasiýanyň öňüni almak meselelerine seredildi. Bu çemeleşmeleri taýýarlyk we göreşmek boýunça milli meýilnamalaryna girizmeklige aýratyn üns berildi.
Adatdan daşary ýagdaýlarda aýallara garşy zorluga garşy göreşmek boýunça halkara hünärmen zenan Ana Arauho şeýle belleýär: “Parahatçylyk döwründe zorlukdan ejir çeken aýallara kömek bermek üçin ugrukdyryş ulgamlaryny ýola goýmak örän möhümdir, sebäbi olar her bir ýurduň adatdan daşary ýagdaýlara bolan taýýarlygynyň esasyny düzer. Bu ulgamlar ejir çeken aýallary we gyzlary bar bolan ýokary hilli pudagara hyzmatlara wagtynda, howpsuz we gizlinlik şertlerinde ugrukdyrmaga mümkinçilik berýär”.
Seminar oňa gatnaşyjylara Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň hünärmenleri bilen tejribe alyşmaga mümkinçilik berdi. Alnan bilimler milli hyzmatdaşlara adatdan daşary ýagdaýlarda aýallaryň we gyzlaryň howpsuzlygyny hem-de hukuklaryny goramagy üpjün etmek üçin içerki düzgünnamalary kämilleşdirmäge kömek eder.