Press reliz

Maşgala goldaw gulluklarynyň hünärmenleri kyn ýagdaýa düşen maşgalalara we aýallara durmuş hyzmatlaryny bermek boýunça hünärlerini kämilleşdirdiler

06 mart 2026

Aşgabat, Türkmenistan — 2026-njy ýylyň 2–6-njy marty aralygynda BMG-niň Aşgabatdaky binasynda kyn durmuş ýagdaýyna düşen maşgalalara we maşgala zorlugyndan ejir çeken aýallara durmuş hyzmatlaryny bermek meseleleri boýunça bäş günlük okuw maslahaty geçirildi. Çäre UNFPA-nyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň (TMGÝJ) arasyndaky Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama hem-de «Türkmenistanda aýallaryň saglygy we maşgaladaky ýagdaýy» baradaky milli saýlama barlagyň maslahatlaryny durmuşa geçirmek boýunça Ýol kartasynyň çäklerinde gurnaldy. Okuw maslahatyny UNFPA-nyň halkara bilermeni Sagadat Sabitowa geçirdi.

Surat: © UNFPA Turkmenistan

Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň wekilleri, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň hünärmenleri, TMGÝJ-niň we «Keýik okara» jemgyýetçilik guramasynyň işgärleri gatnaşdylar. Gatnaşyjylar ejir çekenlere hemmetaraplaýyn we dessin kömek bermek üçin döwlet hem-de jemgyýetçilik hyzmatlarynyň utgaşykly ýerine ýetirilmeginiň mehanizmlerini güýçlendirmegiň usullaryny ara alyp maslahatlaşdylar. 

Okuw maslahatyň maksatnamasy berilýän hyzmatlary halkara etika, howpsuzlyk we gizlinlik ülňülerine laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirildi. Hünärmenler ynam telefonlarynyň işiniň netijelerini, ýüze çykan ýagdaýlaryň üstünde işlemegiň algoritmlerini we zorlugyň gaýtalanma ähtimällygyna baha bermegiň usullaryny seljerdiler. Maýyplygy bolan aýallar we çagalar üçin inklýuziw kömegi üpjün etmäge aýratyn üns berildi. Amaly sapaklaryň dowamynda gatnaşyjylar hakyky tejribeden alnan çylşyrymly ýagdaýlary dolandyrmak endiklerini we pudakara hyzmatdaşlygyň düzgünnamalaryny işläp düzdüler.

Surat: © UNFPA Turkmenistan

UNFPA-nyň bu başlangyjy, ilata subutnamalara esaslanýan öňdebaryjy usullar we hünär etikasynyň esasynda durmuş goldawyny bermegiň durnukly ulgamynyň döredilmegine ýardam edýär. Bu bolsa her bir aýalyň hukuklarynyň goralmagyny we abadançylygyny üpjün edýär.

***

Sagadat Sabitowa — Gazagystanly halkara bilermen, sosial gorag we gender zorlygynyň öňüni almak ugurlarynda baý tejribesinä eýe. Hanym Sabitowa keýs-menejment (ýüze çykan ýagdaýlaryň üstünde işlemek) ulgamlaryny işläp düzmekde we ornaşdyrmakda, şeýle hem durmuş hyzmatlarynyň hünärmenlerine psihososial goldawyň halkara ülňülerini öwretmekde ýöriteleşýär. Onuň köp ýyllyk bilermenlik işi Merkezi Aziýadaky milli hyzmatdaşlaryň aýallaryň hukuklaryny goramak, inklýuziw çemeleşmeleri ornaşdyrmak we ejir çekenlere kömek bermegiň howpsuz gurallaryny döretmek boýunça mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirilendir. 

Goşmaça maglumat üçin: Mehri Karakulowa, Gender deňligi we ýaşlar syýasaty babatyndaky meseleleri boýunça bölüm müdiri, karakulova@unfpa.org 

Batyr GURDOV - UNFPA Comms Analyst

Batyr Gurdow

UNFPA
Aragatnaşyk boýunça hünärmeni

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz