Zenanlaryň liderligi dürli nukdaýnazardan bellendi
11 mart 2026
Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen dialog Türkmenistanda ýaş zenanlary ruhlandyrdy
Aşgabat, 2026-njy ýylyň 10-njy marty — Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda (DIM-niň HGI) “Zenanlaryň liderligi dürli nukdaýnazardan bellemek” atly ýokary derejeli dialog geçirildi. Çärä diplomatlar, hökümetiň ýokary wezipeli wekilleri we ýokary okuw jaýlarynyň talyplary gatnaşdylar.
Duşuşyk Türkmenistandaky Birleşen Milletler Guramasynyň Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapachenko tarapyndan alnyp baryldy we zenan ýolbaşçylar bilen ýaş zenan gatnaşyjylaryň arasynda açyk we erkin pikir alyşmak üçin amatly meýdança döretdi. Söhbetdeşlik görnüşinde guralan çäre liderlik, deňlik we ýaş zenanlaryň ýurduň geljegini kemala getirmekdäki orny baradaky açyk dialogy höweslendirdi.
Çäräni açyp çykyş eden Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary hanym Mähri Bäşimowa zenanlaryň we gyzlaryň mümkinçiliklerini giňeltmegiň, aýratyn-da bilim, başarnyklary ösdürmek we liderlik mümkinçilikleri arkaly goldamagyň ähmiýetini belledi. Ol ýaş zenanlaryň uly maksatlary goýup, üstünlikli hünär ýoluny saýlamagyny goldamak diňe bir milli ösüşe däl, eýsem has giň gerimli we durnukly jemgyýetiň kemala gelmegine hem goşant goşýandygyny aýtdy.
Liderlik baradaky dialoga Pakistanyň ilçisi doktor Faryal Legari, Palestinanyň ilçisi hanym Rana Abu Hijleh, ÝUNESKO boýunça Türkmenistanyň Milli Komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary hanym Çynar Rustamowa we BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili hanym Narine Sahakýan gatnaşdylar. Ara alnyp piker alyşmada çykyş edenler liderlige alyp baran şahsy ýoluny ýatlap, diplomatiýada we döwlet hyzmatynda zenan hökmünde ýüzbe-ýüz bolan kynçylyklary hem-de olaryň üstünlik ýoluna täsir eden tejribelerini paýlaşdylar.
Söhbetdeşligiň dowamynda liderlige barýan ýol, zenan ýolbaşçylaryň ýüzbe-ýüz bolýan päsgelçiliklerini ýeňip geçmek, şeýle hem zenan ýolbaşçylygynyň durnukly ösüşi, parahatçylygy we jemgyýetde giňişleýin gatnaşmagy ilerletmekdäki orny ýaly birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyş edenler ýaş zenanlaryň täze nesliniň has adalatly geljegi üpjün etmekde möhüm orun eýelejekdigini aýratyn nygtadylar.
Çäräniň ahyrynda jenap Şlapachenko çykyş edenlere we gatnaşyjylara ylham beriji goşantlary üçin minnetdarlyk bildirip, ýaş zenanlary ynam we tutanýerlilik bilen ýolbaşçylyk rollaryna ymtylmaga çagyrdy.
Her ýylyň 8-nji martynda bellenilýän Halkara zenanlar güni zenanlaryň gazanan üstünliklerini baýram edýär, gender deňligini üpjün etmek we ähli zenanlaryň hem-de gyzlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek ugrunda ösüşi çaltlandyrmaga çagyrýar.