UNFPA we hyzmatdaşlar maşgaladaky zorlugyň öňüni almak boýunça konsultatiw seminar geçirdiler
12 mart 2026
Aşgabat, Türkmenistan, 2026-njy ýylyň 11-nji marty — Aşgabatda maşgaladaky zorlugyň öňüni almak we aýallara garşy zorluk ulanmaga ýykgyn edýän erkekler bilen işleşmek boýunça iki günlük konsultatiw seminar öz işini tamamlady. Çäre BMG-niň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky Wekilhanasy tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen gol çekilen 2026-2027-nji ýyllar üçin bilelikdäki iş meýilnamasynyň çäginde gurnaldy. Seminara degişli ministrlikleriň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Seminary dünýäniň dürli sebitlerinde adam hukuklary, gender zorlugyna we kemsitmelere garşy göreş boýunça halkara hukuk pudagynda 20 ýyldan gowrak tejribesi bolan UNFPA-nyň halkara geňeşçisi hanym Lori Mann geçirdi.
Konsultatiw seminaryň dowamynda oňa gatnaşyjylar aýallaryň hukuklaryny goramak baradaky halkara we milli hukuk kadalaryny, şeýle hem ejir çekenleriň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin pudagara işleşmegiň mehanizmlerini ara alyp maslahatlaşdylar. Maşgalada zorluga baş goşýan erkekler bilen geçirilýän ýöriteleşdirilen düzediş işleriniň maksatnamalaryna aýratyn üns berildi. Bu maksatnamalar özüňi alyp barşyňy üýtgetmäge we maşgalada gaýtalanýan zorluk howpuny azaltmaga gönükdirilendir. Şeýle hem, seminara gatnaşyjylar ýüze çykýan ýagdaýa gözegçilik etmekde, maşgalalary berkitmekde hem-de maşgalada aýal-gyzlaryň we erkekleriň deňhukuklylygyny öňe sürmekde hukuk goraýjy edaralaryň we jemgyýetçilik hyzmatlary gulluklarynyň hyzmatdaşlyk etmeginiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
***
Hanym Lori Mann - Hukuk ylymlarynyň doktory (Kolumbiýa uniwersitetiniň hukuk fakulteti). Ol BMG, ÝHHG we Ýewropa Geňeşi bilen hyzmatdaşlyk edip, dünýäniň dürli künjeklerinde hukuk goraýjy edaralar üçin okuw maksatnamalaryny we zorluk ulanýanlar bilen işleşmek ulgamlaryny işläp düzdi. Şeýle hem hanym Mann-yň Türkmenistanda, şol sanda 2026–2030-njy ýyllar üçin Gender deňligini üpjün etmek boýunça Milli hereketler meýilnamasyny taýýarlamakda bilmen goldawyny bermekde tejribesi bar. Häzirki saparynyň çäginde ol maşgala zorlugyny etmäge ýykgyn edýän adamlar bilen düzediş işlerini geçirmek üçin nusgawy maksatnamany döretmekde tehniki kömek berdi.
Goşmaça maglumat üçin: Mehri Karakulowa, Gender deňligi we ýaşlar syýasaty babatyndaky meseleleri boýunça bolüm müdiri, karakulova@unfpa.org.