Press reliz

Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary üçin ikinji sebit okuw maslahaty üstünlikli tamamlandy

13 mart 2026

Aşgabat, Türkmenistan — 2026-njy ýylyň 13-nji marty. Türkmenistandaky Birleşen Milletler Guramasynyň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde we Italiýanyň hem-de Beýik Britaniýanyň hökümetleriniň goldawy bilen Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary üçin Ikinji sebit okuw maslahatyny üstünlikli tamamlady. Bäş günlük mümkinçilikleri ösdürmek maksatnamasy Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Özbegistandan we Türkmenistandan täze işe başlan ýaş diplomatlaryň başarnyklaryny, bilimlerini we sebitdäki professional gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirildi. Okuw maslahatynda Merkezi Aziýadaky BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjylarynyň, şeýle hem UNFPA, BMGÖM, BSGG, ÝUNISEF, BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa üçin sebitleýin wekiliýetiniň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň we Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň wekilleriniň alyp baran birnäçe okuw modullary aýratyn orun eýeledi.

Surat: © UN RCO in Turkmenistan

Hepdäniň dowamynda ýaş diplomatlar nazary sapaklary, amaly maşklaryny, interaktiw ussatlyk sapaklaryny we piker alyşma duşuşyklary öz içine alan baý okuw maksatnamasyna gatnaşdylar. Bu çäreler gatnaşyjylaryň Birleşen Milletler Guramasynyň diplomatiýa ýörelgelerine, halkara hyzmatdaşlygyna we BMG-niň işine has çuň düşünmegini üpjün etdi.

Surat: © UN RCO in Turkmenistan

Maksatnamada halkara derejesindäki abraýly hünärmenler çykyş etdiler. Olaryň arasynda Beýik Britaniýanyň öňki ilçisi we Oksford uniwersitetiniň Trinity kollejiniň öňki prezidenti jenap Aýwor Roberts bolup, ol diplomatik protokol we diplomatik etiket boýunça sapaklary geçirdi. Şeýle hem Oksford uniwersitetiniň Jemgyýetçilik halkara hukugy boýunça professory Antonios Tzanakopoulos halkara hukugy we halkara hukuk ulgamy boýunça sessiýalara ýolbaşçylyk etdi.

Okuw maksatnamasynyň esasy maksatlarynyň biri Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlarynyň arasynda uzak möhletli professional gatnaşyklary ösdürmekden ybarat boldy. Bilelikdäki okuwlar, toparlaýyn maşklar we sebit derejesindäki dialog arkaly gatnaşyjylar geljekde has netijeli hyzmatdaşlyga we diplomatik gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam berjek professional gatnaşyklary pugtalandyrdylar.

Surat: © UN RCO in Turkmenistan

Okuw maksatnamasynyň soňky moduly “Diplomatiýa sungaty” ady bilen geçirildi. Oňa Özbegistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň ilçileri, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary we ÝUNESKO boýunça Türkmenistanyň Milli Komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary gatnaşdy. Çykyş edenler öz diplomatik tejribelerini, şahsy pikirlerini paýlaşyp, dogruçyllyk, tutanýerlilik, medeni düşünişmek we jemgyýete hyzmat etmek ýaly gymmatlyklaryň ähmiýetini aýratyn bellediler. Şeýle hem ýaş diplomatlaryň sebitde durnuklylygy, hyzmatdaşlygy we durnukly ösüşi öňe sürmekdäki möhüm ornuna ünsi çekdiler.

Bu başlangyç Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň hyzmatdaşlarynyň ýaş liderleriň indiki nesline maýa goýmak baradaky has giň ygrarlylygynyň bir bölegidir. Ýaş hünärmenleri amaly gurallar, seljeriş başarnyklary we sebit derejesindäki dialog mümkinçilikleri bilen üpjün etmek arkaly bu okuw Merkezi Aziýada has baglanyşykly, maglumatly we durnukly diplomatik jemgyýetiň kemala gelmegine goşant goşýar.

Mahri Eyeberdiyeva

Mähri Eýeberdiýewa

RCO
Jemgyýetçilik we aragatnaşyk işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
RCO
United Nations Resident Coordinator Office
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNRCCA
United Nations Regional Centre for Preventive Diplomacy for Central Asia
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyja degişli beýleki edaralar

EBRD
European Bank for Reconstruction and Development
EOI
Embassy of Italy
EOUK
Embassy of United Kingdom

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz