Türkmenistan we BMG durnukly ösüşiň ileri tutulýan ugurlary boýunça strategik hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy
01 aprel 2026
Aşgabat, 2026-njy ýylyň 31-nji marty – Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Türkmenistan–BMG” Strategik maslahatlar geňeşiniň 5-nji mejlisi geçirildi. MejlisTürkmenistanyň Hökümetiniň we BMG ulgamynyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryny, şol sanda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryny, ministrleri hem-de BMG-niň agentlikleriniň, gaznalarynyň we maksatnamalarynyň ýolbaşçylaryny jemledi.
Duşuşyk Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) ýerine ýetirilişi boýunça Üçünji Meýletin milli synyna taýýarlyk işleriniň başlanmagyna, onuň netijeleriniň 2027-nji ýylyň iýul aýynda BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (ECOSOC) çäginde geçiriljek Ýokary derejeli syýasy forumda hödürlenmegine, şeýle hem ýaşlar syýasaty we metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça bilelikdäki maksatnamalaryň meselelerine bagyşlandy.
Duşuşygy açyp, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Strategik maslahatlar geňeşi görnüşindäki Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky dowamly dialogyň ähmiýetini belläp geçdi. Ol bu görnüşiň ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda netijeliligini subut edendigini nygtady.
Gatnaşyjylar Meýletin milli synyň taýýarlanylmagynyň ýurduň DÖM-e ýetmekde gazanan ösüşini bahalandyrmakda, DÖM-i milli syýasata has giňden ornaşdyrmakda, şeýle hem halkara öňdebaryjy tejribeleri milli hasabatlylyk ulgamynda ulanmakda möhüm tapgyrdygyny bellediler. Şeýle-de maglumatlaryň elýeterliligini ýokarlandyrmak we milli hasabat beriş mehanizmlerini kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berildi. Ara alyp maslahatlaşmalar Türkmenistanyň we BMG-niň arasynda 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş boýunça Gün tertibini öňe ilerletmekde güýçli we netijeli hyzmatdaşlygyň bardygyny görkezdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapachenko öz çykyşynda BMG ulgamynyň Türkmenistanyň Üçünji Meýletin milli synyny taýýarlamaga doly taýýardygyny tassyklady. “Bilelikde biz Meýletin milli syny taýýarlamak boýunça uly tejribe topladyk we BMG ulgamy bu işi ýene-de goldamaga taýýar. Soňky ýyllarda gazanylan giň maglumat binýadyny göz öňünde tutup, indiki synyň Türkmenistanyň kabul eden ähli DÖM-ini öz içine almagyny teklip edýärin. Şeýle hem BMG-niň Statistika bölümi tarapyndan tassyklanan DÖM görkezijileriniň halkara usulyýetini ornaşdyrmak boýunça işleri güýçlendirmegi möhüm hasaplaýaryn. Bu milli hasabatlaryň hilini ýokarlandyrmaga hem-de Türkmenistanyň DÖM indeksindäki ornuny pugtalandyrmaga ýardam eder”, — diýip aýtdy.
Mejlisiň dowamynda ýaşlaryň ösüşini we olaryň gatnaşygyny ösdürmäge gönükdirilen, milli ýaşlar syýasaty ileri tutulýan ugurlaryna hem-de “Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” ählumumy gün tertibine laýyk gelýän bilelikdäki maksatnamalar, şeýle hem metan zyňyndylaryny azaltmak arkaly howa üýtgemelerine garşy göreşmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hökümet bu maksatnamalary goldamaga taýýardygyny beýan etdi. Gatnaşyjylar taslama tekliplerini kämilleşdirmek üçin goşmaça duşuşyklary geçirmäge ylalaşdylar.
Iki taraplaýyn resminamalara gol çekilmegi
Duşuşygyň anyk netijesi hökmünde taraplar 2026-njy ýyl üçin birnäçe Ýyllyk iş meýilnamalaryna gol çekdiler. Bu resminamalar milli edaralar bilen BMG agentlikleriniň arasyndaky amaly hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar. Gol çekilen resminamalar şulary öz içine alýar:
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen UNFPA-nyň arasynda 2026-njy ýyl üçin Ýyllyk iş meýilnamasy;
Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen UNFPA-nyň arasynda 2026-njy ýyl üçin Ýyllyk iş meýilnamasy;
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen ÝUNISEF-iň arasynda 2026-njy ýyl üçin Ýyllyk iş meýilnamasy;
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ÝUNISEF-iň arasynda 2026-njy ýyl üçin Ýyllyk iş meýilnamasy.
Bu ylalaşyklar saglygy goraýyş, bilim, jemgyýetçilik ösüş we döwlet maliýe ulgamlarynda hyzmatdaşlygy has-da ösdürýär hem-de milli ileri tutulýan ugurlaryň we Durnukly ösüş maksatlarynyň netijeli durmuşa geçirilmegine ýardam berýär.
Duşuşygyň ahyrynda gatnaşyjylar Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga, durnukly ösüşi ilerletmäge, ilatyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga we ýurduň halkara borçnamalaryny goldamaga taýýardyklaryny ýene-de bir gezek tassykladylar.