Press reliz

HZG we ÝB Türkmenistanda mynasyp zähmeti ilerletmek hem-de çaga zähmetiň we mejbury zähmetiň öňüni almak boýunça taslama badalga berdiler

13 maý 2026

ÝB tarapyndan maliýeleşdirilýän HZG taslamasy pagta pudagyna ünsi jemläp, zähmet ülňülerini güýçlendirmek we çaga zähmeti we mejbury zähmet meselelerini çözmek boýunça milli tagallalary goldar.

AŞGABAT – Halkara Zähmet Guramasy (HZG), Ýewropa Bileleşigi (ÝB) we milli gyzyklanýan taraplar bilen hyzmatdaşlykda "Türkmenistanda mynasyp zähmeti ilerletmek hem-de çaga zähmetiň we mejbury zähmetiň öňüni almak" atly taslama badalga berdiler.

Surat: © ILO Turkmenistan

2026-njy ýyldan 2027-nji ýyla çenli dowam etjek we ÝB tarapyndan maliýeleşdirilýän Halkara Zähmet Guramasy tarapyndan durmuşa geçirilýän bu başlangyç, esasanam, Türkmenistanyň pagta pudagynda mynasyp işi höweslendirmek bilen birlikde, çaga zähmetiň we mejbury zähmetiň öňüni almaga gönükdirilen.

Ol kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegine, halkara zähmet ülňüleriniň ornaşdyrylmagyna, şeýle hem zähmet hukuklarynyň bozulmalarynyň öňüni almak we olary çözmek üçin institutsional mümkinçilikleriň pugtalandyrylmagyna goldaw berer. 

Bu taslama esasy milli we halkara çarçuwalaryna, şol sanda 2030-njy ýyla çenli Türkmenistanyň Zähmet bazaryny ösdürmegiň konsepsiýasyna, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça çäreleriniň Ýol Kartasyna we Türkmenistanyň Hökümetiniň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2026-2030-njy ýyllar üçin Hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasyna laýyk gelýär.

Çäräni açyp, Türkmenistanyň Hökümetiniň, ÝB-niň we Halkara Zähmet Guramasynyň wekilleri hyzmatdaşlykda anyk öňegidişlikleri gazanmagyň möhümdigini nygtadylar.

Surat: © ILO Turkmenistan

“Bu taslama, esasanam pagta pudagynda çaga zähmeti we mejbury zähmetiň öňüni almak we mynasyp işi ösdürmek boýunça Türkmenistanyň berk ygrarlylygyny görkezýär” diýip, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary Halbibi Täçjanowa belledi.

Bu başlangyç Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky giň hyzmatdaşlygynyň bir bölegidir. “Ol zähmet we adam hukuklaryny öňe sürýär, şol bir wagtyň özünde durnukly we inklýuziw ykdysady ösüşi goldaýar” diýip, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksa aýtdy.

ÝB BMG-nyň Durnukly Ösüş Maksatlarynda öz beýanyny tapan we Ýewropa Komissiýasynyň 2022-nji ýyldaky "Ählumumy adalatly geçiş we durnukly dikeldiş üçin bütin dünýäde mynasyp iş" atly Beýannamasynda tassyklanan, HZG tarapyndan işlenip düzülen mynasyp işiň umumy konsepsiýasyny goldaýar.

Bu taslama milli derejedäki syýasy goldawy ýerli derejede amaly hereketler bilen utgaşdyrýar we uzak möhletli ulgamlary güýçlendirmek bilen birlikde ýerlerde anyk we ölçenip bolýan netijeleri gazanmaga gönükdirilendir.

“Taslama pagta ýygymynda işleriň meýletin, adalatly we howpsuz şertlerde alnyp barylmagyny, şeýle hem işçileri goramak boýunça netijeli ulgamlaryň hereket etmegini üpjün etmäge gönükdirilendir” diýip, HZG-nyň Baş edarasynyň mejbury zähmet meseleleri boýunça tehniki hünärmeni Miranda Faýerman aýtdy.

Surat: © ILO Turkmenistan

Bu başlangyjyň institutlary güýçlendirmek we işçileriň habarlylygyny ýokarlandyrmak arkaly mynasyp zähmet tejribeleriniň ornaşdyrylmagyna goşant goşmagyna, şeýle hem taslamanyň Türkmenistanda has durnukly ykdysady ösüşi goldamagyna we ýurduň dünýäde jogapkärli hem-de bäsdeşlige ukyply hyzmatdaş hökmünde ornuny pugtalandyrmaga ýardam bermegine garaşylýar.

 

Has giňişleýin maglumat üçin şu salgy boýunça habarlaşyň:

Oksana Lipkanu, 

Taslama Dolandyryjysy, 

Halkara Zähmet Guramasy 

lipcanu@ilo.org 

dayanch_h

Daýanç Hojageldiýew

ILO
Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk, monitoring we baha beriş boýunça milli taslama işgäri

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

ILO
Halkara zähmet guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz