Press reliz

Türkmenistan Halkara çagalary goramak gününi inklýuziw festiwal bilen belledi

02 iýun 2026

Aşgabat, 2026-njy ýylyň 1-nji iýuny - Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky edarasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen hyzmatdaşlykda Halkara çagalary goramak gününi Aşgabat seýilgähinde geçirilen täsirli we inklýuziw festiwal bilen belläp geçdi.

Surat: © UNICEF Turkmenistan

Çäre çagalaryň hukuklaryny dabaralandyrmak we olaryň abadançylygyny interaktiw okuw, döredijilik we oýunlar arkaly ösdürmek maksady bilen döwlet edaralarynyň wekillerini, BMG-niň agentliklerini, diplomatik jemgyýeti, raýat jemgyýeti guramalaryny, ene-atalary we çagalary bir ýere jemledi.

Festiwal görnüşinde guralan çärede BMG-niň agentlikleri, şol sanda ÝUNISEF, BMGÖM, BSGG, UNFPA, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi we BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi tarapyndan alnyp barlan tematik işjeňlik meýdançalary döredildi. Bu meýdançalarda çagalar öz hukuklary, sagdyn durmuş ýörelgeleri, daşky gurşawy goramak we inklýuziýa barada bilimlerini artdyrmak mümkinçiligine eýe boldular.

Surat: © UN Turkmenistan

Açylyş dabarasynda çykyş eden BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bu günüň diňe bir baýramçylyk däl, eýsem herekete çagyrýan gün hem bolup durýandygyny belläp, her bir çaganyň saglyga, bilime, howpsuzlyga we mynasyp geljege bolan hukugynyň bardygyny nygtady.

“Şu gün Aşgabat seýilgähinde geçirilýän festiwal oýun, döredijilik we özara gatnaşygyň üsti bilen çagalary öz hukuklary, sagdyn durmuş ýörelgeleri, daşky gurşawy goramak we birek-birege hormat goýmak ýaly möhüm meseleler boýunça işjeň gatnaşdyrmagyň aýdyň mysalydyr.”

ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna öz çykyşynda çagalaryň abadançylygyny ilerletmekde hyzmatdaşlygyň ähmiýetini ýene-de bir gezek tassyklady:

“Her bir çaganyň sagdyn, howpsuz, goldawly şertlerde ulalmaga we öz mümkinçiliklerini doly amala aşyrmaga hukugy bardyr. Muny gazanmak üçin berk hyzmatdaşlyk zerurdyr.”

Surat: © UNICEF Turkmenistan

Festiwal şeýle hem inklýuziýa bolan berk ygrarlylygy görkezdi we dürli mümkinçiliklere eýe bolan çagalaryň gatnaşyp, özlerini erkin beýan edip bilýän giňişligini döretdi.

Gatnaşyjylar çagalaryň hukuklary boýunça bilim beriji oýunlara, howanyň üýtgemegi baradaky maglumat beriş sapaklaryna, saglyk boýunça işjeňliklere, döredijilik ussatlyk sapaklaryna we sport çärelerine gatnaşdylar. Bu işjeňlikleriň ählisi çagalaryň ösüşini goldamaga, inklýuziýany pugtalandyrmaga we olaryň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşygyny höweslendirmäge gönükdirildi.

BMG-niň Türkmenistandaky edarasy her bir çaganyň gülläp ösmegi, ulalmagy we öz mümkinçiliklerini doly amala aşyrmagy üçin milli tagallalary goldamak boýunça öz üýtgewsiz ygrarlylygyny ýene-de bir gezek tassyklady. Dowam edýän tagallalaryň çäklerinde hyzmatdaşlar tomus möwsüminiň dowamynda çagalaryň hukuklary boýunça tomusky lagerleri we maglumat beriş kampaniýalary ýaly çäreleri dowam edip, çagalaryň ösüşini we abadançylygyny mundan beýläk hem ilerletmäge ýardam ederler.

Mahri Eyeberdiyeva

Mähri Eýeberdiýewa

RCO
Jemgyýetçilik we aragatnaşyk işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
RCO
United Nations Resident Coordinator Office
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz