Press reliz

Bütindünýä Daşky Gurşawy Goramak Günüsiniň öňüsyrasynda Türkmenistanda çagalar howa boýunça interaktiw okuw çäresine gatnaşdylar

04 iýun 2026

Aşgabat, 2026-njy ýylyň 4-nji iýuny - Her ýylyň 5-nji iýunynda bellenilýän Bütindünýä daşky gurşawy goramak gününe bagyşlanan interaktiw okuw çäresi Türkmenistanda çagalary, ýaşlary, Birleşen Milletler Guramasynyň wekillerini we milli hyzmatdaşlary bir ýere jemledi.

BMG-niň Türkmenistandaky edarasy tarapyndan Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde, Halkara Zähmet Guramasynyň (HGT), BMG-niň daşky gurşaw maksatnamasy, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM), BMG-niň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF), BMG-niň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) gatnaşmagynda gurnalan çäre Gökderedäki “Ýaşlyk” çagalar dynç alyş merkezinde geçirildi. Çärä howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak meselelerine bagyşlanan interaktiw okuw maksatnamasyna gatnaşan 10–12 ýaş aralygyndaky 30 çaga gatnaşdy.

Surat: © UN Turkmenistan

Bütindünýä daşky gurşawy goramak güni daşky gurşaw meseleleri boýunça habardarlygy ýokarlandyrmak we hereket etmäge çagyrmak üçin BMG-niň esasy dünýä platformasydyr. Şunuň bilen baglylykda, çäre çagalaryň howanyň üýtgemeginiň sebäpleri we netijeleri baradaky düşünjelerini giňeltmäge hem-de ýaşlykdan daşky gurşawa jogapkärçilikli garaýşy ösdürmäge gönükdirildi.

Maksatnama çykyşlary we amaly sapaklary öz içine aldy. Gatnaşyjylar BMG-niň howanyň üýtgemegine garşy göreş boýunça alyp barýan işleri bilen tanyşdylar. Çäräniň esasy bölekleriniň biri BMGÖM tarapyndan işlenip taýýarlanan “Howa Gutusy” (“Climate Box”) interaktiw okuw toplumynyň tanyşdyrylmagy we ulanylmagy boldy. Bu toplum oýunlar we amaly maşklar arkaly howa boýunça bilimi elýeterli hem-de gyzykly etmäge gönükdirilendir.

Surat: © UN Turkmenistan

Çagalar toparlarda işläp, “Howa Gutusynyň” kömegi bilen geçirilen interaktiw okuwlara gatnaşdylar. Olar howanyň üýtgemegi, durnukly ösüş we daşky gurşawy goramak ýaly meseleleri gyzykly we hyzmatdaşlyga esaslanan görnüşde öwrendiler. Şeýle-de bu çäreler gatnaşyjylaryň toparlaýyn işlemek we aragatnaşyk başarnyklarynyň ösdürilmegine ýardam berdi.

Çäre toparlaryň öz işleriniň netijelerini tanyşdyrmagy, interaktiw oýunlar we gatnaşyjylaryň işjeňligini hem-de höwesini ykrar edýän sowgatlary gowşurylyş dabarasy bilen tamamlandy.

Şeýle başlangyçlaryň üsti bilen BMG-niň Türkmenistandaky edarasy ekologik habardarlygy ýokarlandyrmak, ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek we has durnukly geljek üçin bilelikdäki hereketleri höweslendirmek boýunça tagallalary goldamagyny dowam etdirýär.

Surat: © UN Turkmenistan

***

“Howa Gutusy” (“Climate Box”) - Gündogar Ýewropa, Merkezi Aziýa we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynda howa bilimini ösdürmäge gönükdirilen BMGÖM-iň sebit taslamasydyr. Bu interaktiw okuw toplumy çagalary we ýaşlary howanyň üýtgemegi baradaky bilimleri öwrenmäge çekýär hem-de olary howa hereketlerine gatnaşmaga höweslendirýär. Ilkibaşda milli başlangyç hökmünde döredilen taslama häzirki wagtda birnäçe dilde elýeterli bolan we ýerli bilim şertlerine laýyklaşdyrylan halkara platforma öwrüldi.

Taslamanyň Türkmenistanda durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň Hökümetiniň we hyzmatdaşlaryň, şol sanda howa bilimi boýunça başlangyçlaryň ösdürilmegini goldaýan Russiýa Federasiýasynyň Trast Gaznasynyň goldawy bilen mümkin boldy.

Mahri Eyeberdiyeva

Mähri Eýeberdiýewa

RCO
Jemgyýetçilik we aragatnaşyk işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

ILO
Halkara zähmet guramasy
RCO
United Nations Resident Coordinator Office
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNEP
BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz