Press reliz

Türkmenistanyň Hökümeti we BMG-niň bilermenleri DÖM-leriň saglyk görkezijileri boýunça hasabatlylygy kämilleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

24 iýul 2026

Aşgabat, 2026-njy ýylyň 23-nji iýuly – Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Döwlet statistika komitetiniň wekilleri, şeýle hem Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG), ÝUNISEF-iň we Birleşen Milletler Guramasynyň beýleki edaralarynyň tehniki bilermenleri Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) saglyk boýunça görkezijileri baradaky hasabatlarda ýüze çykýan tapawutlary we maglumat boşluklaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen gibrid görnüşinde geçirilen iş duşuşygyna gatnaşdylar. Bu duşuşyk BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň goldawy bilen gurnaldy we üçünji Meýletin milli syna taýýarlyk işleriniň çäginde geçirilýär.

Duşuşygyň dowamynda DÖM3 boýunça saglyk görkezijileriniň hasabatlylygy bilen bagly usulyýet meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gatnaşyjylar milli we halkara derejede berilýän statistiki maglumatlaryň yzygiderliligini, dolulygyny we deňeşdirilip bilinmegini üpjün etmek boýunça pikir alyşdylar. Bu duşuşyk degişli döwlet edaralarynyň wekilleri bilen halkara bilermenleriniň arasynda tejribe alyşmak we tehniki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin möhüm mümkinçilik döretdi.

Maslahatyň dowamynda esasy saglygy goraýyş hyzmatlary bilen gurşaw, inçekeseliň we B gepatitiniň ýaýramagy, saglygy goraýyş işgärleriniň sany we paýlanyşy, eneleriň, täze doglan çagalaryň we bäş ýaşa çenli çagalaryň ölüm derejesi, saglygy goraýyş çykdajylary boýunça ilatyň maliýe goragy hem-de temmäki önümleriniň ulanylyş derejesi bilen bagly görkezijiler jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Tehniki sessiýalar BSGG-niň, ÝUNISEF-iň we BMG-niň beýleki edaralarynyň bilermenleriniň gatnaşmagynda geçirildi.

Takyk we ýokary hilli statistiki maglumatlar Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde gazanylýan ösüşe gözegçilik etmek hem-de subutnamalara esaslanýan çözgütleri kabul etmek üçin möhüm ähmiýete eýedir. Duşuşyk milli edaralar bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda statistiki hasabatlylygy has-da kämilleşdirmek we saglyk boýunça maglumatlaryň hilini ýokarlandyrmak ugrunda hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigini ýene bir gezek tassyklady. Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylar geljekki tehniki hyzmatdaşlygyň indiki ädimlerini ara alyp maslahatlaşdylar.

enar_berdiyeva

Enar Berdiýewa

RCO
Sanly aragatnaşyk işleri boýunça maslahatçy

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

RCO
United Nations Resident Coordinator Office
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz