Şeýle hem, elhenç hakykat bilen ýüzbe-ýüz bolýarys:
Başgalar üçin hyzmat etmek hiç haçan häzirki ýaly howply bolmandy.
Soňky üç ýylda müňden gowrak ynsanperwerlik işgäri öldürildi.
Olaryň köpüsi öz jemgyýetlerine goldaw berýän ýerli işgärlerdi.
San-sajaksyz beýlekiler bolsa ok astynda galmakdan, top okundan, bomba hüjümlerinden, alnyp gaçylmakdan ýa-da zorlanmakdan zordan halas boldular.
Mekdepler we hassahanalar hüjüme sezewar edilýär.
Uruş üçin ulanylýan täze serişdeler, şol sanda ýaragly dronlar, täze howplary döredýär.
Şol bir wagtyň özünde, nädogry maglumatlar ynamy gaçyrýar.
Ynsanperwerlik kömegine berilýän maliýe serişdeleri azalýar.
Ynsanperwerlik kömegine elýeterlilik bolsa çäklendirilýär.
Kömek ulag kerwenleriniň ýoly ýapylýar.
Kömek işgärlerine haýbat atylýar, olar tussag edilýär we saklanýar.
Netijede, umytsyz ýagdaýda kömege mätäç adamlar goldawsyz galýar.
Ynsanperwerlik işgärlerine hüjüm etmek bikanundyr.
Munuň netijeleri bolsa weýran edijidir.
Diri galmak üçin göreşýän maşgalalar üçin.
Iýmitiň gelmegine garaşýan çagalar üçin.
Gyssagly lukmançylyk kömegine mätäç hassalar üçin.
We başga-da ençeme adam üçin.
Dünýä öz üstüne borçnamalary aldy.
Indi bolsa ol hereket etmelidir:
Uruş düzgünlerine hormat goýmak üçin;
Howpsuz elýeterliligi üpjün etmek üçin;
Jenaýatkärleri jogapkärçilige çekmek üçin;
Ýeterlik serişdeleri üpjün etmek üçin.
Ynsanperwerlik işgärleri mätäç adamlaryň tarapyny tutýarlar.
Biz hem olaryň tarapyny tutmalydyrys.
Biz adamzat üçin häzir hereket etmelidiris.