Hemmämiz geljege öz goşandymyzy goşýarys
Rouzyň BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasyndaky meýletinçi hökmünde hekaýasy
Bu hekaýa BMG-Meýletinçi Maksatnamasy tarapyndan taýarlandy.
“Hiç kim size halkara işiniň iň kyn bölekleriniň biriniň iş ýüki däldigini aýtmaýar. Iň kyn zatlaryň biri daşary ýurtda özüňi rahat duýmagy öwrenmekdir. Meniň pikirimçe, hut şonuň üçinem bu iş meniň üçin şeýle uly ähmiýete eýe” diýip, Rouz Lagrot aýdýar. “Çäklendirmeler sizi her bir ädimi has oýlanyşykly etmäge, aragatnaşyk saklamagyň başga ýollaryny tapmaga, kärdeşleriňize daýanmaga, ara alyp maslahatlaşylýan meseleleriň başynda öz ornuňyza mynasyp bolmaga mejbur edýär.”
Köp adamlar üçin daşary ýurtda işlemek gyzykly taslamalar, halkara syýahatlar we täze mümkinçilikler bilen baglanyşyklydyr. Rouz üçin bolsa bu, töwereginde bolup geçýän gürrüňlere zordan düşünip bilýän ýurduna gelmegi hem aňladýardy.
Rouz BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynda howanyň üýtgemegi boýunça hünärmen hökmünde işleýän BMG halkara meýletinçisidir. Onuň Fransiýa tarapyndan maliýeleşdirilýän işi howanyň üýtgemegi meselesine gönükdirilendir. Emma 2025-nji ýylyň oktýabrynda Aşgabat şäherine iki ýyllyk işe gelmezinden has öň onuň ýoly eýýäm birnäçe ýurtlardan we düýbünden dürli iş ugurlaryndan geçipdi.
“Meniň bu ýere gelen ýolum göni däldi. Men howanyň üýtgemegi sebäpli ýüze çykýan migrasiýa meselesine üns berip, konfliktleriň çözgüdini öwrenýärdim. Bu bolsa meni Senegaldaky jemgyýetleriň durnuklylygy boýunça iş alyp barýan tejribe programmasyna getirdi. Men howanyň üýtgemeginiň diňe daşky gurşaw bilen bagly mesele däldigine öz gözüm bilen şaýat boldum; bu adamlaryň durmuş üpjünçiligi, durnuklylyk we göçmäge mejbur bolýan adamlar bilen hem baglanyşykly.”
“Soňra Nýu-Ýorkdaky BMG-niň Baş edarasynda jynsy ekspluatasiýanyň we zorluklaryň öňüni almak (PSEA) boýunça tejribe geçdim. Ilkibaşda bu iş öňki tejribäm bilen baglanyşyksyz ýaly görünýärdi, ýöne soňra bu meseleleriň hemmesiniň özara baglanyşyklydygyna düşündim. Howanyň üýtgemegi sebäpli göçmäge mejbur bolan adamlar zorluklara we hyýanatçylykly hereketlere has ejiz bolup bilerler. Adama gönükdirilen çemeleşme olaryň ýüzbe-ýüz bolýan ähli töwekgelçiliklerini görmegi aňladýar. Fransiýa tarapyndan maliýeleşdirilýän we BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasyndaky bu BMG-niň meýletinçisi wezipesini görenimde, özüme iň laýyk işiň şudygyna düşündim. Türkmenistandaky beýleki BMG edaralary bilen işleşmek arkaly bu dürli ugurlaryň ählisini birleşdirmäge mümkinçilik döreýär. Işe başlan günümden bäri PSEA boýunça esasy jogapkär bolmak we BMG-niň Ýurt boýunça toparynda jogapkärçilik medeniýetini ösdürmäge ýardam bermek ýaly goşmaça wezipeleri hem ýerine ýetirip başladym” diýip ol sözüni dowam edýär.
Emma onuň ýüzbe-ýüz bolan iň uly kynçylygy howanyň üýtgemegi syýasaty ýa-da BMG-niň utgaşdyrmasy bilen kän bir bagly däldi.
Rouz rus ýa-da türkmen dillerinde geplemeýär. “Her bir kynçylyk meni öz gymmatymy täzeden gözden geçirmäge ruhlandyrýar. Belki, men her bir gürrüňe goşulyp bilmerin, ýöne maňa söz bermek üçin mümkinçilik döredilende, şol mümkinçiligi peýdaly ulanmaga çalyşýaryn. Men ýerli dilleri bilmeýärin we bu päsgelçilik hakykatdanam duýulýar. Men gatnaşsam peýdaly boljak gürrüňleriň daşynda galýaryn; rus dilinde geçirilýän ýygnaklarda oturýaryn we aýdylýan her alty sözden diňe birine düşünýärin” diýip belleýär.
Käbir adamlar üçin bu ýagdaý özüňi ýalňyz duýmaklyga sebäp bolup bilerdi. Rouz üçin bolsa bu has ünsli diňlemäge, uýgunlaşmaga we goşant goşmagyň täze ýollaryny tapmaga mümkinçilik boldy.
Bu tejribe onuň edýän işiniň täsiri baradaky garaýşyny hem üýtgetdi. “Men netijäniň görünýän ýerini görmegi halaýan adamlaryň biri. Ýöne bu iş maňa iň möhüm işleriň käbiriniň netijeler görünmezden has öň amala aşyrylýandygyny öwretdi. Käwagt siz aýlap bir zady döredýärsiňiz, soň bolsa ony başga biri tamamlaýar.”
Rouz: “Bu-da adaty zat” diýip belleýär.
“Käwagt garaşylýan zatlaryň agramyny öz üstümde duýýaryn. Doly maliýeleşdirilýän halkara wezipede işlemek ajaýyp mümkinçilik, şonuň üçin köplenç özüme: “Men ýeterlik iş edýärinmi?“ diýip soraýaryn. Soňra hiç kimiň ulgamy ýeke özi üýtgedip bilmeýändigini ýatlaýaryn. Biz hemmämiz diňe öz goşandymyzy goşýarys.”
Rouzyň işiniň uly bölegi adamlara howanyň üýtgemegine öz durmuşlary bilen baglanyşykly görnüşde düşünmäge kömek etmekden ybarat. Ol tehniki prezentasiýalara daýanmagyň deregine köplenç oýunlardan we interaktiw okuw gurallaryndan peýdalanýar.
“Aragatnaşyk üçin dogry usuly tapmak, dogry diňleýjini tapmagy hem aňladýar. Şonuň üçin işimiň köp bölegi ýaşlara we jemgyýetlere gönükdirilendir. Men köplenç “Klimat Fresk” — howa bilen baglanyşykly meseleler boýunça fransuz oýun görnüşindäki okuw guraly — we BMGÖM-iň “Klimat gutusy” ýaly interaktiw gurallary ulanyp, okuw sapaklaryny geçirýärin. Howa bilen baglanyşykly bu wiktorinalar we oýunlar dil päsgelçiligini ýeňip geçmäge, çylşyrymly ekologik meseleleri kiçi ýaşly çagalardan başlap ýetginjeklere çenli hemmeler üçin düşnükli etmäge kömek edýär” diýip, ol gürrüň berýär.
“Bu ýerdäki ýaşlaryň howanyň üýtgemegi barada habardarlylygy eýýäm örän ýokary. Ýöne bu oýunlar olara daşky gurşawdaky üýtgeşmeler bilen jemgyýetçilik täsirleriniň arasyndaky baglanyşygy görmäge kömek edýär. Bu zehinli ýaşlar bilen aragatnaşyk etmek meniň sözlerime düýbünden başgaça ähmiýet berýär.”
Rouz ýaş BMG meýletinçisi hökmünde diňlemäge we öwrenmäge umyt baglap geldi. Soňra ol özüne hiç wagt göz öňüne getirmedik ýygnak otaglarynda — BMG edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we hökümet ministrleriniň ýanynda oturyp başlady. Ilkibaşda ol özüniň bu ýere näme goşup biljekdigini sorag astyna alýardy. Kärdeşleriniň goldawy bilen ol hut daşardan gelýän garaýşynyň öz pikirini diňlemäge mynasyp edýän aýratynlykdygyna düşünip başlady. Bu pursatlar oňa goşant goşmagyň hemişe otagdaky iň tejribeli adam bolmakdan ybarat däldigini öwretdi.
Käwagt bu başgaça sorag bermekden, täze garaýşy paýlaşmakdan ýa-da başgalara meselä başgaça garamaga kömek etmekden ybarat bolýar.
Rouz Türkmenistanda geçiren döwründe özi üçin iň möhüm bolan zatlar barada oýlananda, gürrüňini taslamalardan ýa-da syýasatdan başlamaz. Ol adamlar barada gürrüň berýär.
“Meni öňe alyp barýan zat — adamlar. Öz bilimlerini sahylyk bilen paýlaşýan kärdeşler. Öz jemgyýetlerinde oňyn özgerişlere işjeň gatnaşýan ýaşlar. Çözgüdiň bir bölegi bolup biljekdiklerine düşünenlerinde gözleri ýanyp duran talyplar. Hut şeýle pursatlar maňa näme üçin bu ýere gelendigimi ýatladýar.”
Rouz diline düşünmän gelen ýurdunda ýene bir zada düşündi: aragatnaşyk diňe aýdýan sözleriňiz bilen çäklenmeýär. Käwagt aragatnaşyk diňlemekden, öwrenmekden we öz ornuňyzy tapýançaňyz her gün gelip, işe gatnaşmakdan başlanýar.
Belki, meýletinçileriň iň gowy başarýan zady hem şudur. Olar ähli jogaplary bilýänçä garaşmaýarlar. Muňa garamazdan, işe gelýärler we gatnaşýarlar. Ädimme-ädim bolsa has uly bir zat emele gelip başlaýar.