BMG Türkmenistanyň Maýa goýum forumynda durnuklylygy pugtalandyrmak, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak we ilatyň abadançylygyny ýokarlandyrmak üçin maýa goýumlarynyň ähmiýetini nygtaýar
01 oktýabr 2026
Aşgabat, 2026-njy ýylyň 1-nji oktýabry — Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumynda Birleşen Milletler Guramasy inklýuziw ykdysady özgertmeleri we ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagy ilerletmekde, şol bir wagtyň özünde durnuklylygy pugtalandyrmakda we ilat üçin has giň mümkinçilikleri döretmekde maýa goýumlarynyň ornuny nygtady.
Ykdysady ösüşiň depginli we durnukly bolmagynda esasy faktor hökmünde maýa goýumlaryna bagyşlanan açylyş plenar mejlisiniň moderatorlygynda çykyş eden BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wan foruma gatnaşyjylary forumyň esasy mazmunyny özünde jemleýän şu soraga garamaga çagyrdy: maýa goýumlary Türkmenistanyň milli ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda inklýuziw ykdysady özgertmeleri we ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagy nähili çaltlandyryp biler?
Döwlet edaralarynyň wekilleriniň, maýadarlaryň, maliýe edaralarynyň we halkara hyzmatdaşlaryň garaýyşlaryny jemläp, BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy açylyşdaky pikir alyşmalaryň dowamynda öňe sürlen üç sany esasy pikiri aýratyn belledi.
Birinjiden, durnukly maýa goýumlary milli syýasatdan we döwlet edaralarynyň işinden has giň gerimli amatly şertleri talap edýär. Oýlanyşykly syýasat, netijeli işleýän edaralar we öňünden çaklap bolýan maýa goýum gurşawy örän möhümdir. Şol bir wagtyň özünde maýa goýumlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk, sebit platformalary we özara baglanyşygy ösdürmek, sebit we dünýä gymmatlyk zynjyrlaryna gatnaşmak, şeýle hem parahatçylygy we umumy abadançylygy goldaýan has amatly halkara gurşawyny döretmek arkaly amala aşyrylýan halkara hyzmatdaşlygyna hem barha köp derejede bagly bolýar.
Ikinjiden, maýa goýumlary geljege gönükdirilen bolmalydyr. Özara baglanyşykly geosyýasy, ykdysady, tehnologik we howa bilen bagly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýan häzirki dünýäde maýa goýumlary diňe bir gyssagly zerurlyklary kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem durnuklylygy pugtalandyrmaga we çözgütlere tarap täze ýollary açmaga hem ukyplydyr. Şonuň üçin syýasaty işläp düzüjiler we maýadarlar hem geljek üçin çözgütleri döredijiler hökmünde çykyş etmelidirler. Munuň üçin has ekologiýa taýdan arassa ykdysadyýete, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga, täze tehnologiýalara, durnukly infrastruktura we ykdysady ösüşiň has inklýuziw nusgalaryna maýa goýmak zerurdyr.
Üçünjiden, maýa goýumlarynyň esasy maksady we gymmaty adamlaryň durmuşyny gowulandyrmakdan ybaratdyr. Maýa goýumlaryna diňe bir çekilen maýanyň möçberi ýa-da döredilen infrastruktura boýunça däl, eýsem olaryň adamlaryň durmuşyny näderejede gowulandyrýandygy boýunça hem baha berilmelidir. Bu has gowy iş orunlaryny döretmegi, başarnyklary ösdürmegi we gyzlar hem-de oglanlar, aýallar hem-de erkekler üçin, şol sanda ünsden we goldawdan mahrum galmak töwekgelçiligine sezewar bolan adamlar üçin mümkinçilikleri giňeltmegi öz içine alýar. Şu gün kabul edilýän maýa goýum çözgütleri diňe häzirki nesliň däl, eýsem geljekki nesilleriň hem mümkinçiliklerini kesgitlär.
Bu esasy pikirler Türkmenistanyň Hökümeti bilen ylalaşylan Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygynyň 2026–2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamasy bilen sazlaşýar. Bu maksatnama inklýuziw we diwersifikasiýalaşdyrylan ykdysady ösüşi edaralaryň kuwwatyny pugtalandyrmak, howanyň üýtgemegine garşy durnuklylygy ýokarlandyrmak we adalatly durmuş ösüşini üpjün etmek bilen baglanyşdyrýar. Şeýle hem ol telekeçiligi, mynasyp zähmet bilen üpjünçiligi, ýaşyl ykdysadyýete geçişi, serişdelerden netijeli peýdalanmagy we sebit hem-de dünýä bazarlaryna has giň integrasiýany goldaýar.
Forumyň gün tertibi bu ugurlaryň iş ýüzünde nähili utgaşdyrylyp bilinjekdigini görkezdi. Energetika we senagat pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak netijeliligi ýokarlandyryp, goşulan gymmaty ýokary bolan önümleriň öndürilişini artdyryp biler; durnukly ulag, logistika we söwda sebitara özara baglanyşygy çuňlaşdyryp biler; howanyň üýtgemegine durnukly oba hojalygy, suw serişdelerini dolandyrmak, sanly innowasiýalar we ýaşyl maliýeleşdiriş bolsa durnuklylygy pugtalandyrmak bilen bir hatarda täze ykdysady mümkinçilikleri döredip biler.
Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistanyň özi tarapyndan kesgitlenen maýa goýum ileri tutulýan ugurlaryny goldamaga taýýardyr. Bu goldaw seljerme maglumatlaryny we strategik öňdengörüjiligi, halkara standartlaryny we tehniki tejribäni bir ýere jemlemek, şeýle hem halkara maliýe edaralary we ösüş boýunça hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek arkaly amala aşyrylar.
Hanym Wan: "Maýa goýumlary, ilkinji nobatda, biziň gurmagy saýlap alýan geljegimiz bilen baglydyr", diýip belledi. "Olaryň gymmaty diňe bir getirýän maýasynyň möçberi bilen däl, eýsem durnuklylygy näderejede pugtalandyrýandygy, nähili mümkinçilikleri döredýändigi we adamlaryň durmuşyny şu gün hem-de geljekki nesiller üçin nähili gowulandyrýandygy bilen ölçenilmelidir."
Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumy 1–2-nji oktýabrda Aşgabat şäherinde geçirilýär. Forum maýa goýumlary, energetika, ulag, söwda, oba hojalygy bilen bagly telekeçilik, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, sanly innowasiýalar we ýaşyl özgertmeler meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin döwlet edaralarynyň wekillerini, halkara guramalaryny, maliýe edaralaryny we işewürler jemgyýetiniň wekillerini bir ýere jemleýär.