BMG Ýaşlaryň maslahat beriş geňeşiniň agzalaryny giriş okuw maslahatynda garşylady
02 oktýabr 2026
Aşgabat, 2026-njy ýylyň 2-nji oktýabry – BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy, BMG-niň Ilat Gaznasynyň goldawy bilen, Aşgabatdaky BMG-niň öýünde Ýaşlaryň maslahat beriş geňeşiniň agzalary üçin giriş okuw maslahatyny geçirdi.
Maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar Türkmenistandaky BMG ulgamynyň işi, BMG-niň düzümleriniň ýerine ýetirýän işleri we ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem Geňeş bilen BMG-niň Ýurt boýunça toparynyň arasynda hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy. Ara alyp maslahatlaşmalarda BMG-niň 2030-njy ýyla çenli Ýaşlar gün tertibi, ýaşlaryň gatnaşmagy, gender deňligi, inklýuziwlik, köpdürlülik we durmuş taýdan goşulyşmak meselelerine garaldy. Şeýle hem BMG-niň Ýurt boýunça toparynyň 2025-nji ýyldaky Ýaşlar boýunça baha beriş kartasynyň netijeleri gözden geçirildi.
Gatnaşyjylar Geňeşiň ygtyýarlyklaryny, agzalaryň wezipelerini we jogapkärçiliklerini, dolandyryş mehanizmlerini hem-de iş usullaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Interaktiw sapaklar we toparlaýyn maslahatlar arkaly Geňeşiň agzalary öz güýçli taraplaryny kesgitlediler, wezipeleri paýlaşdylar we Geňeşiň ilkinji ýyllyk iş meýilnamasy kesgitlediler.
Giriş okuw maslahaty Ýaşlaryň maslahat beriş geňeşiniň işi üçin umumy garaýşy we amaly esaslary kemala getirmekde möhüm ädim boldy. Şeýle hem bu iş ýaşlaryň garaýyşlarynyň, tejribeleriniň we pikirleriniň BMG-niň Türkmenistandaky edarasynyň maksatnamalarynda we başlangyçlarynda nazara alynmagy üçin mümkinçilikleri döretmäge ýardam edýär.
Ýaşlaryň maslahat beriş geňeşi barada
Ýaşlaryň maslahat beriş geňeşi ýaşlar bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda dialogy ösdürmäge ýardam edýän maslahat beriş platformasydyr. Geňeşiň maksady ýaşlaryň garaýyşlarynyň BMG-niň ileri tutulýan ugurlarynda we maksatnamalarynda nazara alynmagyny üpjün etmek hem-de durnukly ösüşe ýaşlaryň netijeli gatnaşmagyny höweslendirmekden ybaratdyr.