BMG biziň her birimiz arkaly: Türkmenistan adamlary, hyzmatdaşlygy we medeni köpdürlüligi dabaralandyrýar
Aşgabat, 23-njioktýabr 2026-njy ýyl– BirleşenMilletlerGuramasynyň TürkmenistandakyedarasyAşgabatdakyBMG-niň bagyndaBirleşenMilletlerGuramasynyň gününibelledi. Çäre “BMG adamlar üçin. BMG agza döwletler bilen bilelikde. BMG biziň her birimiz arkaly.” diýen şygar astynda Hökümetiň, diplomatik jemgyýetiň, ösüş boýunça hyzmatdaşlaryň, ýaşlaryň, raýat jemgyýetiniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini we BMG-niň işgärlerini bir ýere jemledi.
Şu ýylky baýramçylyga 250-den gowrak adam gatnaşdy. Çäräniň esasy üns merkezinde adamlar we hyzmatdaşlyk boldy. Baýramçylygyň mowzugy özara baglanyşykly üç pikiri özünde jemledi: adamlary, olaryň maksatlaryny we geljegini BMG-niň işiniň merkezinde goýmak; agza döwletler bilen hyzmatdaşlyk we umumy jogapkärçilik arkaly durnukly ösüşi ilerletmek; şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň gymmatlyklaryny anyk işlere geçirýän adamlaryň goşandyny ykrar etmek.
Çäre BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Sýaozýun Greýs Wanyň çykyşy bilen açyldy. BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy BMG-niň Baş sekretarynyň BMG güni mynasybetli ýüzlenmesini okady. Ýüzlenmede parahatçylygy, durnukly ösüşi we adam hukuklaryny ilerletmekde, adamlaryň ömrüni halas edýän ynsanperwer kömegi bermekde, şeýle hem gapma-garşylyklary, howa krizisini, artýan deňsizlikleri we täze tehnologiýalary çözmekde Birleşen Milletler Guramasynyň möhüm ornyny belläp geçdi. Ýüzlenmede ähli ýurtlara dialogyň, hyzmatdaşlygyň we raýdaşlygyň umumy gymmatlyklaryna ygrarlylygyny täzelemek, BMG-niň Tertipnamasyny we halkara hukugyny berjaý etmek hem-de adamlara has netijeli hyzmat etmek we döwrümiziň kynçylyklaryna jogap bermek üçin Guramany has-da güýçlendirmek barada çagyryş beýan edildi.
Öz çykyşynda BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy bu baýramçylygy “Biz, halklar” diýen uly ähmiýete eýe düşünje bilen baglanyşdyryp, adamlaryň Guramanyň wezipeleriniň merkezinde durýandygyny, agza döwletleriň bolsa Birleşen Milletler Guramasyna güýç, köpdürlülik we umumy maksat berýändigini belledi. Şeýle hem ol 2026–2030-njy ýyllar üçin Hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň durmuşa geçirilip başlan döwründe BMG bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtady.
Hanym Wan, şeýle hem, iş prosesindäki kynçylyklara garamazdan, yhlas we ýokary hünär derejesi bilen Türkmenistanyň halkynyň bähbidine parahatçylygy, adam mertebesini we durnukly ösüşi ilerletmek boýunça BMG-niň möhüm wezipesini ýerine ýetirmegi dowam etdirýän BMG-niň işgärlerine minnetdarlyk bildirdi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary hanym Mähri Bäşimowa öz gutlag çykyşynda Birleşen Milletler Guramasynyň halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmekdäki merkezi ornuny nygtap: “Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasyna parahatçylygy gorap saklamak, ählumumy we hemmetaraplaýyn howpsuzlygy üpjün etmek, şeýle hem halkara gatnaşyklarynyň häzirki zaman binýadynyň durnuklylygyny goramak üçin jogapkär bolan ýeke-täk we kanuny gurama hökmünde garaýar” diýip belledi.
Baýramçylyk BMG-niň 2026–2030-njy ýyllar üçin Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň ilkinji ýylynda geçirildi. Bu bolsa täze Hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlaryny adamlaryň durmuşlary we maksatlary bilen baglanyşdyrmaga, şeýle hem hyzmatdaşlar we ýaşlar bilen dialogy has-da pugtalandyrmaga mümkinçilik berdi.
Myhmanlara Hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň dört netijesiniň çäklerinde BMG-niň Türkmenistanyň halkynyň bähbidine alyp barýan işlerini görkezýän interaktiw sergi bilen tanyşmak, şeýle hem BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň tanyşdyrylyşyny diňlemek teklip edildi. BMG-niň wekilleri adalaty we deň mümkinçilikleri üpjün etmek üçin netijeli dolandyryş we kanunyň hökmürowanlygy; inklýuziw we durnukly ykdysady diwersifikasiýa hem-de “ýaşyl” ösüş; tebigy serişdeleri dolandyrmak we howanyň üýtgemeginde durnuklylyk; şeýle hem ýokary hilli we inklýuziw saglygy goraýyş, bilim we durmuş taýdan gorag ulgamlary hem-de özgerdiji durmuş kadalary ugurlarynda BMG-niň milli ileri tutulýan ugurlary nähili goldaýandygy barada maglumat berdiler.
Baýramçylyk Birleşen Milletler Guramasyny we onuň agza döwletlerini bir ýere jemläp, hyzmatdaşlygyň we medeni köpdürlüligiň aýdyň beýanyna öwrüldi.
BMG-niň bagyndaky agza döwletleriň meýdançalaryna baryp görenlerinde, gatnaşyjylar olaryň baý medeni mirasy bilen tanyşdylar. Türkmenistanda diplomatik wekilhanalary bolan ýurtlaryň ilçihanalary medeni sergiler, milli tagamlar we interaktiw çäreler arkaly öz ýurtlarynyň däp-dessurlaryny we milli özboluşlylygyny görkezdiler. Bu bolsa myhmanlara BMG maşgalasynyň köpdürlüligini ýakyndan tanamaga we bilelikde dabaralandyrmaga mümkinçilik berdi. Milli aýdym-sazlar, tanslar we däp bolan milli lybaslar, şeýle hem çagalar üçin çäreler we resmi däl gatnaşyklar baýramçylygyň öwüşginini has-da artdyrdy.
Şeýlelikde, 2026-njy ýylda Türkmenistanda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň güni diňe bir baýramçylyk hökmünde däl, eýsem hyzmatdaşlygyň aýdyň beýany hökmünde hem çykyş etdi. Ol BMG-ni, agza döwletleri, hyzmatdaşlary we adamlary bir ýere jemläp, dialog, medeni alyş-çalyş we durnukly ösüş ugrunda özara gatnaşygy ösdürmek üçin mümkinçilik döretdi.