Hormatly myhmanlar, gadyrly kärdeşler we olaryň maşgala agzalary, hyzmatdaşlar we dostlar!
Hemmäňizi mähirli garşylaýaryn we Birleşen Milletler Guramasynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Şu günki esasy şygarymyz örän ýönekeý: BMG adamlar üçin. BMG agza döwletler bilen bilelikde. BMG biziň üstümiz bilen.
Segsen bir ýyl mundan ozal BMG-niň Düzgünnamasy iki güýçli söz bilen başlandy: «Biz, halklar...» Bu sözler Birleşen Milletler Guramasynyň halklara degişlidigini ýatladýar. Adamlar diňe bir onuň wezipesiniň merkezinde däl, eýsem olaryň seslerini, umyt-arzuwlaryny we hereketlerini hem onuň ugruny we geljegini kesgitleýär. Aýratynam, häzirki bölünişikli we näbelliliklerden doly dünýäde BMG parahatçylyk, mertebe we has gowy durmuş baradaky halkyň umytlarynyň durmuşa geçirilip bilinjek mekany bolup galmalydyr.
Agza döwletler Birleşen Milletler Guramasynyň binýadydyr. Olaryň her birisi özüniň taryhyny, medeniýetini, tejribesini we goşandyny getirýär. Olar bilelikde BMG-niň güýjüni, dürlüligini we umumy maksadyny emele getirýärler. Şu gün öz medeniýetlerini, ösüş tejribelerini we däp-dessurlaryny paýlaşmak üçin bize goşulan ähli ilçihanalara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin. Bu baýramçylyk halkara dostlugynyň we hyzmatdaşlygynyň janly beýanyna öwrülýär.
Biziň kabul ediji ýurdumyz bolan Türkmenistanda, Hökümetiň köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga ygrarlylygyna we Birleşen Milletler Guramasyna dowamly ynamyna ýokary baha berýäris. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hem-de parahatçylygy we dialogy ilerletmek babatdaky başlangyçlary ýurduň öz ösüş ýoluny dowam etdirip, şol bir wagtyň özünde halkara hyzmatdaşlygyna işjeň goşant goşup bilýändigini görkezýär.
Şu ýyl özara hyzmatdaşlygymyzda täze tapgyryň başlangyjydyr. Biz 2026-2030-njy ýyllar üçin BMG-nyň Durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlyk Çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmäge başladyk we ähli adamlar üçin inklýuziw ösüşi, howa durnuklylygyny hem-de has giň mümkinçilikleri üpjün etmek ugrunda bilelikde işleýäris.
Netijede, BMG diňe öz Düzgünnamasy, edaralary ýa-da kararnamalary bilen çäklenmeýär. Ol her birimiziň üsti bilen janlanýar: BMG-niň ýanyndaky wekilleri we BMG-niň hyzmatdaşlary, ya-da BMG-niň işgärleri we olaryň maşgala agzalary üsti bilen. BMG-niň Düzgünnamasynyň çuň manysy kabul edýän kararlarymyzda, gurýan hyzmatdaşlyklarymyzda we her gün amal edýän gymmatlyklarymyzda öz beýanyny tapýar.
Geliň, şu gün BMG Bagynda gezelenç edenimizde, şuny ýatdan çykarmalyň:
Biziň dürlüligimiz bizi baýlaşdyrýar. Biziň umumy adamkärçiligimiz bizi birleşdirýär. We biziň bilelikdäki hereketlerimiz geljegi emele getirýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň bir bölegi bolanyňyz üçin sag boluň! BMG-niň güni gutly bolsun!