Adamzadyň geljegi biziň parahatçylygy pugtalandyrmak, ösüşi ilerletmek we adam hukuklaryny goramak ugrunda bilelikde işlemek ukybymyza baglydyr.
Soňky 81 ýylyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasy bu pikiri durmuşa geçirip gelýär.
- Jedelleri ýarag bilen däl-de, diplomatiýa we kanunlaryň üsti bilen çözmek.
- Garyplygy we açlygy ýok etmek ugrunda iş alyp barmak.
- Adam hukuklarynyň durmuşa geçirilmegine ýardam etmek.
- Şeýle hem uruşlardan, tebigy betbagtçylyklardan we mejbury göçürilmelerden ejir çeken adamlara durmuş taýdan möhüm kömegi bermek.
Ulagdan, söwdadan we tehnologiýalardan başlap…
Adamlaryň we Ýer ýüzüniň saglygyny goramaga çenli…
Gender deňligini ilerletmäge we aýallaryň hem-de gyzlaryň mümkinçiliklerini giňeltmäge çenli…
Ähli ýurtlara dünýä derejesinde deň ses bermäge çenli…
Birleşen Milletler Guramasy dünýämiziň aýrylmaz bölegidir.
Häzirki wagtda ol öňküsinden hem has zerurdyr.
Dünýämiz çaknyşyklardan sarsýar.
Ol howa krizisinden ejir çekýär.
Artýan deňsizlikler oňa zyýan ýetirýär.
Şeýle hem tehnologiýalar dünýämizi üýtgedýär, olaryň ösüş depgini bolsa olary netijeli kadalaşdyrmak ukybymyzdan öňe geçýär.
Indi Birleşen Milletler Guramasynyň esas goýujy gymmatlyklaryna ygrarlydygymyzy ýene bir gezek tassyklamagyň wagty geldi:
Bölünişigiň ýerine dialog.
Garşy durmagyň ýerine hyzmatdaşlyk.
Gorkynyň ýerine raýdaşlyk.
Birleşen Milletler Guramasynyň gününde ähli döwletleri şol umumy gymmatlyklara we olaryň esasyndaky borçnamalara ygrarlydyklaryny tassyklamaga çagyrýaryn.
Şu gün, öňküsinden hem beter, men hemmeleri Birleşen Milletler Guramasynyň Düzgünnamasyna we halkara hukugynyň kadalaryna berk eýermäge çagyrýaryn.
Geliň, bilelikde Birleşen Milletler Guramasyny has-da pugtalandyralyň, şeýlelikde ol adamlara netijeli hyzmat edip, döwrümiziň wehimlerine mynasyp jogap berip biler.