Press reliz

Türkmenistan we BMG DÖM boýunça maglumatlary we Meýletin milli syna taýýarlyk boýunça hyzmatdaşlygy güýçlendirýär

22 oktýabr 2026

Aşgabat, 2026-njy ýylyň 22-nji oktýabry – Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş Komissiýasy, BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň goldawy bilen, ýurduň Meýletin milli synynda Durnukly ösüş maksatlary boýunça maglumatlaryň ulanylyşyny güýçlendirmäge hem-de Durnukly ösüş boýunça 2030-njy ýyla çenli Gün tertibine ýetmekde öňegidişligiň netijeli milli monitoringini goldamaga gönükdirilen dört günlük tehniki missiýasyny tamamlady.

Surat: © UN RCO in Turkmenistan

Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş Komissiýasynyň Statistika bölüminiň direktory Reýçel Biwen we şol bölüminiň statistigi Daýýan Şaýani tarapyndan ýolbaşçylyk edilen missiýa 2026-njy ýylyň 19–22-nji oktýabry aralygynda geçirildi. Missiýanyň çäklerinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň wekilleri, Durnukly ösüş maksatlary boýunça Milli iş toparynyň agzalary, şeýle hem BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy bilen duşuşyklar geçirildi. Ara alyp maslahatlaşmalarda subutnamalara esaslanýan hasabatlylyk üçin DÖM-iň maglumatlaryny seljermekde dürli statistiki gurallaryň we usulyýetleriň ulanylmagyna, şeýle hem milli hasabatyň inklýuziwligini üpjün etmek üçin dürli gyzyklanýan taraplaryň gatnaşygyny üpjün etmäge aýratyn üns berildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş Komissiýasy tarapyndan hödürlenen esasy gurallaryň biri Milli DÖM trekeri boldy. Ol DÖM-leriň durmuşa geçirilmegine gönükdirmek maksady bilen gazanylan üstünlikleri we aýratyn üns berilmeli ugurlary görkezýän maglumat panelini hödürleýän, subutnamalara esaslanýan platformadyr.

Delegasiýa Türkmenistanyň milli statistika ulgamynda DÖM-iň maglumatlarynyň utgaşdyrylmagynyň häzirki ýagdaýyna seretdi we Meýletin milli syna taýýarlygyň çäklerinde maglumat taýýarlamak işini güýçlendirmek üçin amaly mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdy. Şeýle hem milli DÖM görkezijiler ulgamy, milli maksatlaýyn görkezijileri kesgitlemäge çemeleşmeler, öňegidişlige baha bermegiň usulyýetleri we DÖM boýunça milli maglumat portalynyň üsti bilen DÖM-iň maglumatlaryny ýaýratmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Surat: © UN RCO in Turkmenistan

Maksatnamanyň esasy bölekleriniň biri 20-nji oktýabrda Aşgabatdaky BMG-niň binasynda geçirilen “Meýletin milli syn üçin DÖM maglumatlary we seljeriş” atly tehniki sessiýa boldy. Sessiýa 40-a golaý edaranyň we guramanyň wekillerinden ybarat bolan DÖM boýunça Milli iş toparynyň agzalary gatnaşdylar.

Aziýa we Ýuwaş umman sebitiniň tejribesine esaslanyp, tehniki ara alyp maslahatlaşmalarda netijeli institusional mehanizmleriň, maglumat alyş-çalşygynyň hem-de maglumatlary elýeterli görnüşde ýaýratmagyň DÖM monitoringiniň syýasaty işläp taýýarlamakda yzygiderli göz öňünde tutulmagyna nähili ýardam edip biljekdigi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem gatnaşyjylar toparlarda işläp, 2030-njy ýyla çenli galan ýyllarda Türkmenistanda syýasatyň monitoringini kämilleşdirmegiň mümkinçiliklerini kesgitlediler.

Surat: © UN RCO in Turkmenistan

Maksatnamanyň çäklerinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi we Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklarda Meýletin milli synda maglumatlaryň ulanylmagy, milli statistika ulgamynyň utgaşdyrylmagy, maglumat alyş-çalşygy, DÖM boýunça milli maglumat portaly we Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş Komissiýasynyň tehniki goldawynyň dowam etdirilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Missiýa BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy bilen geçirilen geňeşmeler bilen başlandy we şeýle geňeşmeler bilen jemlendi.

Surat: © UN RCO in Turkmenistan

“Türkmenistanyň Meýletin milli syna çemeleşmesi aç-açanlyga, hyzmatdaşlyga we hiç kimi ünsden düşürmezlik ýörelgesine aýdyň ygrarlylygy görkezýär. Global maksatlara ýetmegi çaltlandyrmak üçin DÖM-leriň ýerine ýetirilişini yzarlamak boýunça Türkmenistanyň tagallalaryny goldamagy dowam etdirmäge taýýardyrys”, diýip, hanym Biwen nygtady.

Missiýa milli edaralara we Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş Komissiýasyna Meýletin milli synda DÖM maglumatlaryny subutnama hökmünde ulanmak boýunça iş meýilnamasyny, şeýle hem Komissiýanyň Statistika bölümi tarapyndan onlaýn goldawy dowam etdirmek boýunça çäreleri ara alyp maslahatlaşmak üçin mümkinçilik döretdi.

Bu sapar milli statistika mümkinçiliklerini güýçlendirmek, utgaşdyrylan maglumat ulgamlaryny ösdürmek we subutnamalara esaslanýan syýasaty işläp taýýarlamak arkaly Durnukly ösüş boýunça 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini ilerletmek ugrunda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda dowam edýän hyzmatdaşlygyň bir bölegidir.

***

Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş Komissiýasy sebitiň ýurtlaryna statistika ulgamlaryny berkitmekde we durnukly ösüşiň monitoringi üçin maglumatlary ulanmakda goldaw berýär. Bu missiýanyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş Komissiýasynyň Statistika bölüminiň işi DÖM maglumatlarynyň utgaşdyrylmagyna, maksatlaýyn görkezijileri kesgitlemäge, öňegidişlige baha bermäge, Meýletin milli syna taýýarlyga we DÖM boýunça milli maglumat portalynyň üsti bilen maglumatlaryň ýaýradylmagyna gönükdirildi.

enar_berdiyeva

Enar Berdiýewa

RCO
Sanly aragatnaşyk işleri boýunça maslahatçy

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

RCO
United Nations Resident Coordinator Office
UN ESCAP
BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman üçin ykdysady we sosial komissiýasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz