Press reliz

BMG we hyzmatdaşlar Türkmenistanda gorag we hasabatlylyk mehanizmlerini pugtalandyrýarlar

22 oktýabr 2026

Aşgabat, 2026-njy ýylyň 22-nji oktýabry – Birleşen Milletler Guramasynyň, milli edaralaryň, raýat jemgyýetleriniň wekilleri BMG-niň goldawy bilen amala aşyrylýan işlerde gorag mehanizmlerini, hasabatlylygy, şeýle hem jynsy taýdan ekspluatasiýanyň we zorlugyň öňüni alyş çärelerini güýçlendirmäge gönükdirilen seminara gatnaşmak üçin Aşgabatda ýygnandylar.

BMG-niň 2026–2030-njy ýyllar üçin Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň çäginde gurnalan kesişýän ýörelgeler, hasabatlylyk we gorag standartlary boýunça seminar BMG-niň düzümlerini we hyzmatdaşlaryny özüňi alyp baryş standartlary, gorag, jynsy taýdan ekspluatasiýanyň we zorlugyň öňüni almak hem-de hasabatlylyk babatda umumy garaýyş döretmek maksady bilen bir ýere jemledi. Çäre 22-nji oktýabrda Aşgabatda geçirildi.

Surat: © UN RCO in Turkmenistan

Seminar BMG-niň 2026–2030-njy ýyllar üçin Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň çäginde bilelikdäki çäreleri durmuşa geçirmekde özüňi alyp baryş babatda ýokary standartlary üpjün etmäge gönükdirilen umumy ygrarlylygyň bir bölegi bolup durýar. Seminarda jogapkärli ýolbaşçylyk, hasabatlylyk, degişli standartlar barada habarlylygy ýokarlandyrmak we degişli habar beriş mehanizmlerini ulanmak arkaly gorag ulgamlaryny pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi.

Surat: © UN RCO in Turkmenistan

Seminary açyp, BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň Strategik meýilleşdiriş boýunça hünärmeni we ýolbaşçysy jenap Çary Nurmuhammedow goragyň düýp mazmunynda her bir adamyň guramalar bilen gatnaşykda bolanda mertebesine hormat goýulmagyna, sylagly çemeleşilmegine we howpsuzlygynyň üpjün edilmegine bolan hukugynyň durýandygyny nygtady. “Bu diňe Birleşen Milletler Guramasynyň standarty däl. Bu biziň umumy jogapkärçiligimizdir”.

Goragyň diňe syýasatlar we administratiw talaplar bilen çäklenmeýändigi, onuň ýolbaşçylyga, hasabatlylyga, şeýle hem adamlaryň öz aladalary barada howpsuz ýagdaýda habar berip bilýän we nädogry hereketlere degişli çäreleriň görülýän guramaçylyk medeniýetine baglydygy gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirildi.

“BMG-niň hyzmatdaşlygy ynama esaslanýar. Ynam bolsa jogapkärçiligi talap edýär. Gorag biziň umumy wezipämizi ýerine ýetirýän her bir guramanyň adamlary goraýan, adam hukuklaryna we mertebesine hormat goýýan hem-de biziň hemmämiziň wekilçilik edýän gymmatlyklarymyza eýerýän görnüşde hereket etmegini üpjün etmäge mümkinçilik berýär” diýip, jenap Çary Nurmuhammedow nygtady.

Surat: © UN RCO in Turkmenistan

Ýewropa we Merkezi Aziýa üçin Sebitleýin ösüşi utgaşdyryş edarasynyň, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň, BMG-niň Ilat gaznasynyň, BMG-niň Adam hukuklary boýunça düzüminiň we ÝUNISEF-iň hünärmenleri, şeýle hem BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy maksatnama öz goşantlaryny goşdular. Sessiýalarda gowşak toparlary goramak we adam hukuklaryna esaslanýan çemeleşme; gender deňligi we gender zorlugy; BMG-niň özüňi alyp baryş standartlary we hasabatlylyk; habar beriş we degişli çäre görmek mehanizmleri; jynsy taýdan ekspluatasiýanyň we zorlugyň öňüni almak boýunça amaly çemeleşmeler hem-de hyzmatdaş guramalaryň gorag ulgamlaryny güýçlendirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. ÝUNISEF-iň ýolbaşçylygynda geçirilen sessiýada jynsy taýdan ekspluatasiýa we zorluk boýunça sekiz esasy standart hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem, gatnaşyjylar raýat jemgyýeti guramalaryna hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri boýunça BMG bilen özara gatnaşyk etmäge mümkinçilik berýän BMG-niň Hyzmatdaşlar portaly bilen tanyşdyryldy. Portal BMG bilen onuň hyzmatdaşlarynyň arasynda sazlaşykly, netijeli we aňsat hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam bermek üçin döredildi.

Seminaryň esasy ugurlarynyň biri ýörelgeleri guramalaryň gündelik iş tejribesinde ulanmak boldy. Maksatnamanyň çäginde syýasatlary we düzgünleri, işgärleri dolandyrmagy, habarlylygy ýokarlandyrmagy we okuwlary, habar beriş mehanizmlerini, degişli hyzmatlara ugrukdyrmagy we hasabatlylyk çärelerini öz içine alýan gorag çäreleri boýunça maslahatlar berildi. Şeýle hem nädogry hereketleriň öňüni almak, töwekgelçilikleri ýüze çykarmak we azaltmak, aladalar barada howpsuz ýagdaýda habar bermek, degişli çäreleriň görülmegine we zerur hyzmatlara ugrukdyrylmagyna ýardam etmek babatda BMG-niň düzümleriniň we hyzmatdaşlarynyň degişli jogapkärçiligi düşündirildi.

Surat: © UN RCO in Turkmenistan

Ara alyp maslahatlaşmalarda gizlinligi, kemsitmezlik ýörelgesini we zyýan çeken adamlaryň iň gowy bähbitlerini göz öňünde tutýan, zyýan çekenleriň zerurlyklaryna gönükdirilen çemeleşmäniň möhümdigi nygtaldy. Şeýle hem elýeterli habar beriş mehanizmleriniň, özüňi alyp baryşyň etiki kadalarynyň we hasabatlylygyň goragy üpjün etmek hem-de BMG-niň we onuň hyzmatdaşlarynyň jemgyýetiň ynamyny saklamak üçin möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi.

Seminar bu ýörelgeleri we standartlary Türkmenistanyň institusional we iş şertlerinde ulanmak boýunça hyzmatdaşlar bilen geçirilen dialog bilen tamamlandy. Bu dialog hormata, goraga we hasabatlylyga esaslanýan guramalary we hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan umumy ygrarlylygy ýene-de bir gezek tassyklady.

enar_berdiyeva

Enar Berdiýewa

RCO
Sanly aragatnaşyk işleri boýunça maslahatçy

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
RCO
United Nations Resident Coordinator Office
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz