BMG durnukly energetikanyň, metan zyňyndylaryny azaltmagyň we sebit hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini nygtady
23 oktýabr 2026
Aşgabat, 2026-njy ýylyň 23-nji oktýabry – Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy 2026-njy ýylyň 21–23-nji oktýabrynda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026” atly halkara maslahatyna we sergisine gatnaşyp, durnukly energetikany ösdürmek, metan zyňyndylaryny azaltmak, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, tehnologiýalary ösdürmek we sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça pikir alyşmalara goşant goşdy.
Maslahat energetika howpsuzlygy, durnukly ösüş we uzak möhletleýin maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça dialogy ilerletmek maksady bilen döwlet edaralarynyň ýokary derejeli wekillerini, milli we halkara nebitgaz kompaniýalaryny, potratçylary, tehnologiýa üpjün edijileri, maliýe edaralaryny we halkara maýadarlary bir ýere jemledi.
21-nji oktýabrda BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Sýaozýun Greýs Wan “Türkmenistanyň energetika strategiýasy: sebit baglanyşygy we halkara hyzmatdaşlygy” atly açylyş plenar mejlisinde çykyş etdi. Ol energetikanyň durnukly ösüşiň özeninde durýandygyny hem-de 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini we hemmeler üçin elýeterli, ygtybarly, durnukly hem-de döwrebap energiýa çeşmelerine elýeterliligi üpjün etmäge gönükdirilen Durnukly ösüş maksatlarynyň 7-nji maksadyny durmuşa geçirmekde düýpli orun eýeleýändigini nygtady.
Öz çykyşynda hanym Wan Türkmenistanyň uly energetika serişdeleriniň we strategik ýerleşişiniň infrastrukturany döwrebaplaşdyrmak, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, energetika baglanyşygyny ösdürmek, eksport bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we durnukly ösüşi ilerletmek üçin döredýän mümkinçiliklerini belledi. Ol amatly syýasatlar, innowasion maliýeleşdiriş mehanizmleri, şeýle hem döwlet, senagat pudagy we halkara hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlyk arkaly goldanylýan energiýa netijeliligine, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine we durnukly infrastruktura maýa goýmagyň möhümdigini nygtady.
Hemişelik utgaşdyryjy energetika ulgamlaryny has netijeli, durnukly we ekologiýa taýdan arassa etmekde tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň ornuny hem aýratyn belledi. Ol akylly elektrik ulgamlarynyň, energiýany saklaýyş ulgamlarynyň, öňdebaryjy gözegçilik tehnologiýalarynyň, hemra gözegçiliginiň we sanly çözgütleriň mümkinçiliklerine, şeýle hem bilim alyşmagyň we serhetüsti hyzmatdaşlygyň ähmiýetine ünsi çekdi. Onuň bellemegine görä, Aşgabatda döredilmegi teklip edilýän Merkezi Aziýa üçin Sebitleýin howa tehnologiýalary merkezi tehnologiýalary geçirmek, mümkinçilikleri ösdürmek we sebitde hyzmatdaşlygy ilerletmek üçin amaly platforma bolup biler.
“Energiýanyň geljegi diňe näçe mukdarda öndürýändigimiz bilen däl, eýsem ony nähili paýhasly we durnukly ýagdaýda öndürýändigimiz, daşaýandygymyz we sarp edýändigimiz bilen baglydyr.” – diýip, BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy aýtdy.
Metan zyňyndylaryny azaltmak BMG-niň OGT 2026-a goşan goşandynyň ýene bir möhüm ugry boldy. Hanym Wan öňüni alyp bolýan metan zyňyndylarynyň öňüniň alynmagynyň gymmatly gazy tygşytlamaga, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga, infrastrukturany döwrebaplaşdyrmaga we howanyň üýtgemegine garşy göreşde çalt netijeleri gazanmaga ýardam edip biljekdigini belledi. Şeýle hem ol BMG bilen Türkmenistanyň hökümetiniň arasynda metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça teklip edilýän Bilelikdäki maksatnamany belläp geçdi. Bu maksatnama metan zyňyndylaryny ýüze çykarmagy, ölçemegi, azaltmagy we netijeleri tassyklamagy, mümkinçilikleri ösdürmegi, syýasaty goldamagy we maliýeleşdirmegi birleşdirýän, milli eýeçilige esaslanýan çarçuwaly mehanizm hökmünde göz öňünde tutulýar.
23-nji oktýabrda BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň ykdysadçysy Uladzimir Waletka “Metan zyňyndylaryny azaltmak, energiýa netijeliligi we durnukly energetikany ösdürmek” atly panel çekişmesine gatnaşdy. Jemleýji tehniki mejlisde metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara hyzmatdaşlygy, ekologiýa netijeliligi, energiýa netijeliligi, şeýle hem deňagramly we durnukly energetika geljegini üpjün etmekde tebigy gazyň orny ara alnyp maslahatlaşyldy.
“Türkmenistanda geçirilen forsaýt seljermesi metan zyňyndylaryny azaltmagy we sebit energetika baglanyşygyny pugtalandyrmagy ähli ýagdaýlarda peýdaly çäreler hökmünde kesgitleýär: olaryň ikisi hem energetikanyň dürli geljekki ösüş ugurlarynda durmuş we ykdysady gymmatlygy döredýär. Metan zyňyndylaryny azaltmak gymmatly gazy tygşytlamaga we wagtyndan öň ölüm ýagdaýlaryny azaltmaga ýardam edip biler, has özara baglanyşykly elektrik energiýasy ulgamlary bolsa çykdajylary azaltmaga, energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmaga we gaýtadan dikeldilýän energiýa üçin mümkinçilikleri giňeltmäge ýardam edip biler. BMG bilen Türkmenistanyň hökümetiniň arasynda metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça teklip edilýän Bilelikdäki maksatnama milli ýolbaşçylygyň esasynda edaralary, kompaniýalary, tehniki bilermenleri we maliýe serişdelerini birleşdirmek arkaly metan zyňyndylaryny azaltmagyň bu artykmaçlyklaryny giňeltmäge ýardam edip biler. Şeýle hem ol zyňyndylary ýüze çykarmagy we ölçemegi olary azaltmak we netijeleri tassyklamak bilen baglanyşdyryp, mümkinçilikleri güýçlendirip we gaýtalanýan işleri azaldyp biler. Metan zyňyndylaryny azaltmak we energetika baglanyşygyny pugtalandyrmak bilelikde howanyň üýtgemegine garşy amaly çäreleri uzak möhletleýin bäsdeşlige ukyplylyk we durnukly ösüş bilen baglanyşdyrýar”, – diýip, jenap Waletka aýtdy.
BMG-niň bu maslahata gatnaşmagy energetika ösüşini howanyň üýtgemegine garşy çäreler, tehnologik innowasiýalar, maýa goýumlar we halkara hyzmatdaşlygy bilen baglanyşdyrmagyň möhümdigini görkezdi. BMG metan boýunça hyzmatdaşlygyň milli ileri tutulýan ugurlary durmuşa geçirmäge ýardam etmek bilen bir hatarda, sebit baglanyşygyny pugtalandyrmaga we energetika geçelgeleriniň ekologiýa netijeliligini ýokarlandyrmaga hem goşant goşup biljekdigini nygtady.
Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistanyň Hökümeti, döwlet konsernleri, halkara hyzmatdaşlar, maliýe edaralary we hususy pudak bilen bilelikde işlemek arkaly maksatlary maýa goýumlaryna, innowasiýalary amaly çözgütlere, hyzmatdaşlygy bolsa adamlaryň abadançylygy, ykdysady gülläp ösüş we planetamyzyň bähbidi üçin ölçenip bilinýän netijelere öwürmäge taýýardygyny tassyklady.