BMG we Türkmenistan Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça täze çarçuwaly maksatnama gol çekdi
- Birleşen milletler guramasy we Türkmenistan Hökümeti 2025-nji ýyla çenli Türkmenistanyň Hökümetiniň we BMG-niň ulgamynyň işine ýolbaşçylyk etjek Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça täze çarçuwaly maksatnama (Hyzmatdaşlyk maksatnamasyna) gol çekdi.
Daşary işler ministri, BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy we BMG-niň Türkmenistandaky gulluklarynyň ýolbaşçylary tarapyndan döredilen Hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň tanyşdyrylyş dabarasynda diplomatik wekilýetler, milli hyzmatdaşlary, metbugat wekilleri we akademiýanyň wekilleri ýygnandy.
Daşary işler ministri tanyşdyryş dabarasynda eden çykyşynda Türkmenistan bilen BMG-niň hyzmatdaşlygynyň parahatçylykdan gender deňligine, daşky gurşawdan migrantlaryň hukuklaryny goramaklyga çenli ähli esasy ugurlary öz içine alýandygyny we bu ugurlaryň Türkmenistanyň Hökümeti we BMG üçin umumy wezipeler bolup durýandygyny aýtdy.
Hyzmatdaşlyk maksatnamasy milli ileri tutulýan ugurlary durmuşa geçirmekde we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ýurda goldaw bermegi maksat edinýär. Bu maksatnama üç sany strategiki ugruň çäklerinde amala aşyrylar:
- Adamlara gönükdirilen dolandyryş we kanunyň hökmürowanlygy
- Inklýuziw, daşky gurşawa ýaramly we durnukly ykdysady ösüş
- Ýokary hilli, inklýuziw we elýeterli saglyk, bilim we durmuş goraglylygy
Tanyşdyryş dabarasyndan soň Daşary işler ministri we BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça çarçuwaly maksatnama gol çekdi we metbugat ýygnagy geçirildi.
“Baş Assambleýasynyň 72/279 belgili rezolýusiýasy Birleşen milletler guramasynyň Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça çarçuwaly maksatnamasyny “Durnukly ösüş ugrunda 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegini goldamak üçin ýurt derejesinde BMG-niň ösüş işlerini meýilleşdirmek we durmuşa geçirmek üçin iň möhüm gural” hökmünde görkezýär. Milli ýolbaşçylygyň çäginde we ösüşiň dowamynda Hyzmatdaşlyk maksatnamasy ösüş kararlaryny işläp düzmek ugrunda giňişleýin gepleşikler arkaly amala aşyrylar” diýip, BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Ýelena Panowa belledi.