Press reliz

BMG-niň Ösüş maksatnamasy strategik meýilleşdirme boýunça okuwlary geçirýär

06 fewral 2017

  • BMG-niň Ösüş maksatnamasy Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli instituty hem-de Germaniýanyň ilçihanasy bilen bilelikde strategik meýilleşdirme we ösüş boýunça okuwlary geçirdi.            

Okuwyň maksady maliýe durnuklylygyny kepillendirmek hem-de hökümet bilen hyzmatdaşlyga gatnaşmak üçin jemgyýetçilik birleşiklerini strategik meýilleşdirme başarnyklary bilen üpjün etmekden ybarat.

Germaniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisiniň aýtmagyna görä, “jemgyýetçilik birleşikleriniň we raýat sektorynyň bilelikdäki işleri örän wajyp, çünki olar hökümetiň işini goldamakda örän möhüm orny eýeleýär. BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň taslamasynyň Türkmenistanyň Hökümeti we jemgyýetçilik birleşikleri bilen gatnaşygy höweslendirýän we goldaýan binýady döredendigi bizi begendirýär.”

Halkara derejeli hünärmen Erkina Ubyşewa tarapyndan geçirilen bu okuwlara jemgyýetçilik hyzmatlaryny üpjün edýän we Türkmenistanyň pudaklaýyn birleşmeleri hökmünde hereket edýän Türkmenistanyň 18 sany jemgyýetçilik birleşiginiň wekilleri gatnaşdy. 

Okuwlaryň dowamynda jemgyýetçilik birleşikleri strategiýany işläp düzmek, birleşigiň wezipesini kemala getirmek hem-de gözegçilik we baha beriş işlerini geçirmek barada tehniki bilim bilen üpjün edildi. Okuwlaryň dowamynda nazary bilimler amalyýet bilen berkidildi we gatnaşyjylar öz guramalary üçin ösüş boýunça strategik meýilnamalary işläp düzdi.

“Hökümetiň köp ýagdaýlarda jemgyýetçilik birleşikleriniň işiniň oňyn netijelerini görüp bilmeýändiginiň sebäbi guramalaryň öz işiniň netijelerini görkezip bilmeýänligindedir. Birleşikleriň aglaba bölegi özüniň wezipesi barada ýatdan çykarýar we, şeýlelik bilen, öz işini netijeli ýagdaýda meýilleşdirip bilmeýär. Şonuň üçin, guramaçylyk ösüşe, strategik meýilleşdirmä, guramalaryň işiniň netijelerine gözegçilik etmek we baha bermek işine  üns bermek zerurdyr” diýip, halkara derejeli hünärmen düşündirdi. 

Okuwlar Türkmenistanda Germaniýanyň ilçihanasynyň maliýe goldawy bilen geçirildi.

Ýelena Butova

OHCHR
Maksatnama boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz