Press reliz

Halkara Bitaraplyk gününiň ykrar edilmegi

18 fewral 2017

  • Türkmenistanda BMG-niň ýurt boýunça topary BMG-niň Baş Assambleýasynyň RES/ 71/275 belgili rezolýusiýasynyň kabul edilmegi bilen Türkmenistanyň Hökümetini gutlady. 

Diplomatik işgärleriniň milli baýramy hem-de Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli 2017-nji ýylyň fewral aýynyň 18-ne “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty: Parahatçylyk we ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk” ady bilen geçirilen maslahatda dekabr aýynyň 12-si Halkara Bitarapyk güni hökmünde ykrar edildi. 

Ýurtda BMG-a degişli bolan we degişli bolmadyk ähli gulluklaryň adyndan çykyş edip, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Ýelena Panowa Hökümete dünýäde parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş ugrunda goşýan goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi we rezolýusiýanyň kabul edilmeginiň Türkmenistanyň üstünlikli diplomatiýasynyň ykrar edilmeginiň nyşanydygyny belledi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk statusy 1995-nji ýylyň dekabr aýynyň 12-ne BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly rezolýusiýasynda BMG ulgamy tarapyndan resmi ýagdaýda ykrar edildi.  

BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerini, sebitleýin we bütindünýä hyzmatdaşlygyny, bütin dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy nazara alyp, mundan beýläk hem ösdüriljekdigi barada ynam bilen belledi.  

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNESCO
BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen guramasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNHCR
BMG-niň Bosgunlar baradaky ýokary komissary
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz