Press reliz

Gender deňligi boýunça milli maksatnama ara alnyp maslahatlaşyldy

12 aprel 2017

  • Maksatnamada zenanlaryň hukuklarynyň kemsidilmegi, zenanlar üçin deň mümkinçilikleriň üpjün edilmegi, ýokary hilli bilime, saglygy goraýşa we zähmet bazaryna bolan deň mümkinçilikler bilen baglanyşykly meselelere garalýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli instituty we BMG-niň Ilat gaznasy tarapyndan guralan tegelek stoluň esasy maksady Türkmenistanda Gender deňligi boýunça 2015-2020-nji ýyllar üçin milli maksatnamasy üçin gözegçilik we baha beriş ulgamyny düzmekden ybaratdy.   

BMG-niň Ilat gaznasynyň, BMG-niň Zenanlaryň hukuklary boýunça edarasynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň gatnaşmagynda Adam hukuklary ulgamynda Türkmenistanyň halkara borçlaryny durmuşa geçirmek boýunça ministrlikleriň arasyndaky komitetiň Iş topary milli maksatnamanyň gidişine gözegçilik etmekde ulanylmaly gurallar boýunça ylalaşmak üçin duşuşdy.   

Bu duşuşyk Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan 2016-njy ýylyň iýul aýynda guralan Gender deňligi boýunça milli maksatnamany durmuşa geçirmek babatda BMG-niň gulluklary bilen milli paýdarlaryň utgaşdyryjy duşuşygyndan soň bolup geçdi. Iýul aýynda geçirilen duşuşykda Iş toparynyň 32 sany agzasy tarapyndan iş meýilnamasy işlenilip düzüldi. Bu meýilnamada Gender deňligi boýunça milli maksatnamada bellenilen 14 sany strategik ýumuşy üstünlikli ýagdaýda durmuşa geçirmek, hökümet edaralarynyň arasynda her ugur üçin utgaşdyryjy gullugy bellemek we her hereketi ýerine ýetirmek üçin zerur bolan wagty bellemek üçin takyk hereketler we işler beýan edildi.

Giriş sözünde Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň başlygynyň orunbasary Batyr Orazow Türkmenistanda Gender deňligi boýunça milli maksatnamany durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň ministrlikleri we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan uly işleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Ol: “Gender deňligi boýunça milli maksatnama üçin takyk görkezijileri ýüze çykarmak gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek ulgamynda ýerine ýetirilýän işleriň netijelerine baha bermäge ýardam berer” diýip, aýratyn belledi.

Giriş sözünde BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky jogapkär işgäriniň kömekçisi Baýramgül Garabaýewa Durnukly ösüş maksatlaryny kabul etmekde we Bütindünýä maksatlaryň ugurlaryny we görkezijilerini millileşdirmekde Türkmenistanyň öňdebaryjy orny tutýandygyny belledi. Milli maksatnama üçin işlenilip düzülen gözegçilik görkezijileri gender deňligi boýunça degişli ministrlikleriň milli maksatnamalaryna we ösüş strategiýalaryna laýyk geler. Ondan başga-da, bu Adam hukuklary boýunça kabul edilen milli maksatnama üçin işlenilip taýýarlanylýan umumy gözegçilik we baha beriş ulgamyna hem goşandyny goşar. Baýramgül Garabaýewa milli hyzmatdaşlary BMG-niň Ilat gaznasynyň usulyýeti we maglumat binýadyny üpjün etmekde, şol sanda başlangyç şertleri taýýarlamakda goldaw berjekdigi barada ynandyrdy.      

Maksatnama gözegçilik etmek boýunça işi ara alyp maslahatlaşmazdan öň, BMG-niň Ilat gaznasynyň Milli maksatnamasynyň Ilat we ösüş hem-de gender deňligi meseleleri boýunça hünärmeni Döwran Ýamatow gender deňligi pudagynda milli maksatnamalara gözegçilik etmek hem-de olara baha bermek işini meýilleşdirmek we ony durmuşa geçirmek boýunça halkara tejribäni tanyşdyrdy. Döwran Ýamatow Türkmenistda Gender deňligi boýunça milli maksatnama üçin gözegçilik ediş we baha beriş meýilnamany teklip etdi.   

Iş toparynyň agzalary Milli maksatnamanyň 14 sany ugruny we hereketlerini gözden geçirdi, garaşylýan netijeleri, ugurlaryň esasy görkezijilerini belledi, meýilnama boýunça çykdajylary hasaplamagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy we hyzmatdaşlar hem-de jogapkär gulluklar barada täzelenen maglumaty paýlaşdy. Iş toparynyň agzalary meýilnamany mundan beýläk kämilleşdirmek we ony jemlemek boýunça hereketleri kesgitlemek babatda ýerine ýetirilmeli nobatdaky hereketleri hem ýüze çykardy.

“Türkmenistan Zenanlaryň hukuklarynyň kemsidilmegini aradan aýyrmak boýunça komitete döwürleýin hasabatlaryny yzygiderli esasda görkezýär” diýip, Baýramgül Garabaýewa belledi. “Gözegçilik etmek we baha bermek boýunça berk meýilnamanyň kabul edilmegi Maksatnamanyň üstünlikli ýagdaýda durmuşa geçirilmegi üçin netijeli gural hökmünde hyzmat etse, gözegçilik we baha beriş işleri geçirilende gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegi boýunça ýygnalan maglumat bolsa komitete ýetilen netijeleri görkezmekde peýdaly bolar.”     

Gender deňligi boýunça milli maksatnama BMG-niň Ilat gaznasynyň goldawy bilen işlenilip düzüldi we 2015-nji ýylyň ýanwar aýynyň 22-ne tassyklanyldy. Häzirki wagta çenli maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça uly işler amala aşyryldy. Bu işlere degişli ministrlikleriň arasynda maksatnama boýunça bilim derejesini ýokarlandyrmak, kanunçylyk seljeriş işini geçirmek we ony kämilleşdirmek, maşgalada zorluk meseleleri boýunça halkara kanunçylyk tejribesini öwrenmek we köpçüligiň arasynda gender deňligi boýunça maglumaty ýaýratmak degişli. 

Ondan başga-da, maksatnamada zenanlaryň hukuklarynyň kemsidilmeginiň aradan aýrylmagy, zenanlar üçin deň mümkinçilikleriň üpjün edilmegi, ýokary hilli bilime, saglygy goraýşa we zähmet bazaryna bolan deň mümkinçilikleriň üpjün edilmegi, şol sanda halkara ylalaşyklarynyň borçlarynyň ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly meselelere garalýar. Milli maksatnamanyň esasy maksady Zenanlaryň hukuklarynyň kemsidilmeginiň ähli görnüşlerini ýok etmek boýunça konwensiýany (CEDAW), şeýle-de gender deňligi bilen baglanyşykly adam hukuklary boýunça beýleki borçnamalary durmuşa geçirmegiň, bu barada hasabat bermegiň we oňa gözegçilik etmegiň milli mümkinçiliklerini güýçlendirmekden ybarat.

Dovran Yamatov

UNFPA
NPA on Population and Development, Gender Equality

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz