BMG-niň 2016-2020-nji ýyllar üçin Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça çarçuwaly maksatnamasy
- Netijeler boýunça bäş sany toparyň agzalary 2016-2017-nji ýyllar boýunça netijeler, çözülmedik meseleler, 2018-nji ýyl üçin bilelikdäki iş meýilnamalary hem-de Gözegçilik ediş we baha beriş senenamalary hakynda maslahatlary jemledi.
Netijeler boýunça bäş sany toparyň agzalary 2016-2017-nji ýyllar boýunça netijeler, çözülmedik meseleler, 2018-nji ýyl üçin bilelikdäki iş meýilnamalary hem-de Gözegçilik ediş we baha beriş senenamalary hakynda maslahatlary jemledi. Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda 2016-2020-nji ýyllar üçin Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça çarçuwaly maksatnamanyň çäginde döredilen Netijeler boýunça bäş sany toparyň agzalary 2018-nji ýylyň mart aýynyň 13-i bilen aprel aýynyň 3-i aralygynda geçirilen duşuşyklaryň dowamynda 2016-2017-nji ýyllar boýunça netijeler, çözülmedik meseleler, 2018-nji ýyl üçin bilelikdäki iş meýilnamalary hem-de Gözegçilik ediş we baha beriş senenamalary hakynda maslahatlary jemledi.
Maslahatlaryň dowamynda Netijeler boýunça toparyň agzalary Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegini utgaşdyrmagyň, şeýle-de 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibine Hökümetiň edýän goldawy möhüm bolan milli hasabatlaryň işlenilip düzülmeginiň möhümligi barada belledi.
Wekiller 2018-nji ýylda gazanylan öňegidişlikler barada hasabat bermek we olara baha bermek üçin nobatdaky duşuşyklary şu ýylyň soňunda geçirmäge ylalaşdy. 2018-nji ýyl üçin ýurt boýunça gazanylan netijeler baradaky hasabaty taýýarlamak meýilleşdirilýär.