Press reliz

Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmegi we Toplumlaýyn milli maliýe çarçuwalarynyň ornuny ara alyp maslahatlaşmak

28 maý 2020

  • Türkmenistanda BMG Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde we Birleşen milletler guramasynyň Ykdysady we durmuş işleri bölüminiň hem-de Türkmenistanda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň goldaw bermeginde wideoşekilli maslahatyň üsti bilen “Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegini maliýeleşdirmek: Toplumlaýyn milli maliýe çarçuwalarynyň roly” atly seminary geçirdi.

Bu çäre geografiki taýdan BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri boýunça ýörite maksatnamasynyň (SPECA) gatnaşyjylaryny, ýurtlaryny öz içine aldy we COVID-19 pandemiýasynyň durmuş-ykdysady täsirini azaltmak boýunça gyssagly çäreler barada gepleşikleri we tejribe alyşmagy aňsatlaşdyrmak hem-de bu çäreleri Toplumlaýyn milli maliýe çarçuwasynyň (INFF) üsti bilen Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmek boýunça uzak möhletleýin maksatlara birleşdirmek üçin bilen geçirildi.

Bu ýokary derejeli çäre SPECA maksatnamasynyň ýurtlarynyň ministrlerini we ministrleriniň orunbasarlaryny, şeýle hem BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça bölüminiň, BMG-niň Ýewropa ykdysady toparynyň, Bütindünýä bankynyň, Halkara pul gaznasynyň, Aziýa ösüş bankynyň, Amerikaiçi ösüş bankynyň, Ýewropanyň täzeden dikeldiş we ösüş bankynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, UNICEF-iň, BMG-niň Ilat gaznasynyň wekillerini hem-de BMG-niň guramalarynyň we beýleki halkara guramalarynyň ençeme bilermenlerini bir ýere jemledi. BMG-niň Ýewropa ykdysady toparynyň Baş sekretarynyň orunbasary we ýerine ýetiriji müdiri hanym Olga Algaerowa SPECA ýurtlarynyň arasynda Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirilmegi üçin sebitleýin gural hökmünde SPECA gaznasyny döretmek mümkinçiligi barada dowam edýän maslahatlar barada gatnaşyjylara maglumat berdi.

BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Ýelena Panowanyň belleýşi ýaly,

“şeýle formatda geçirilen halkara seminar SPECA Maksatnamasynyň ýurtlarynyň maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň arasynda COVID-19-yň durmuş-ykdysady netijelere gysga möhletli jogaplar barada tejribe alyşmak üçin ajaýyp platformany we Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmegiň uzak möhletli strategiýalaryny üpjün edýär. Bu pandemiýa döwründe gurnalan durnukly ösüşi maliýeleşdirmek boýunça sebit derejesinde maliýe we ykdysadyýet ministrleriniň we ministrleriň orunbasarlarynyň arasynda geçirilen ilkinji gepleşigidir, biz geljekde bu formatda tejribe alyşmagyň dowam etjekdigine umyt edýäris”.

2020-nji ýylyň 23-nji aprelinde geçirilen BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň Ösüşi maliýeleşdirmek boýunça bäşinji forumynyň ara alyp maslahatlaşmalaryna esaslanyp, halkara seminar ECOSOC forumynyň netijelerini sebit derejesinde görkezmäge ýardam berdi. Ondan başga-da, ara alyp maslahatlaşmalar saglygy goraýyş pudagyny, bilimi, durmuş goragy has gowy maliýeleşdirmegiň we deňsizlikler bilen göreşmegiň zerurlygy ýaly pandemiýa zerarly ýüze çykan gurluş gowşaklyklaryny çözmegiň ähmiýetine ünsi çekdi. Halkara seminaryň netijesi BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreş tarapyndan çagyrylan we şu gün Nýu-Ýorkda meýilleşdirilýän COVID-19 döwründe we ondan soňky döwürde ösüşi maliýeleşdirmek boýunça ýokary derejeli çäräniň ara alyp maslahatlaşmagyna girer.

Halkara seminar Gatnaşyjylaryň beýannamasynyň kabul edilmegine ýardam berdi, bu beýannama COVID-19 şertlerinde gysga möhletli maliýe höweslendiriş çärelerini ýurt derejesinde Durnukly ösüş maksatlaryny, şol sanda toplumlaýyn milli maliýeleşdiriş çarçuwalaryny döretmegiň üsti bilen uzak möhletleýin maliýeleşdirmek bilen baglanyşdyrmak babatda maslahatlaryň, teklipleriň we hereketleriň gysgaça mazmunyny beýan edýär.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UN DESA
BMG-niň ykdysady we sosial soraglary boýunça departamenti
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNECE
BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy

Bu başlangyja degişli beýleki edaralar

IMF
Halkara Walýüta gaznasy
World Bank
Bütindünýä banky

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz