Press reliz

4-nji gün: 14-nji “Deňiz ekologiýa ulgamyny gorap saklamak” maksat DÖM boýunça Super mart konsultasiýalarynyň üns merkezinde.

07 mart 2016

  • 14-nji maksat – ummanlary, deňizleri we deňiz çeşmelerini saklamak we olary ulanmagyň durnuklylygy.

Türkmenistanda 14-nji “Deňiz ekologiýa ulgamyny gorap saklamak” maksat ara alnyp maslahatlaşylýar, hem-de oňa Türkmenistanyň daşky gurşawy we ýer çeşmelerini goramak boýunça döwlet komiteti BMGÖM bilen bilelikde ýolbaşçylyk edýär. 14-nji maksat ummanlary, deňizleri we deňiz çeşmelerini saklamaga we olary ulanmagyň durnuklylygyna bagyşlanýar.

“Üç milliarddan gowrak adam deňiz we sebitleýin bio köpdürlüligiň gözleginde”. Emma häzirki wagtda bütin dünýä balyk ätiýaçlarynyň 30 göteriminiň çendenaşa ulanylýandygyny görýäris.

Ummanlar adamlar tarapyndan öndürilýän kömürturşy gazynyň 30 göterim töweregini sorup alýarlar we senagat rewolýusiýasynyň başyndaky ýagdaýynda ummanyň 26 göterim ýokary turşulaşmagyny görýäris.

Esasan hem daşky çeşmelerden gelip çykýan deňiz gurşawynyň hapalanmagy howsalaly derejeleriň bolmagyny üpjün edýär: ummanyň ortaça her bir inedördül kilometrine 13000 bölek plastik hapa düşýär”.

14 töweregi ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri 14-nji maksat üçin hödürlenen dokuz sany global wezipeleri we on görkezijileri we olaryň Türkmenistan üçin aktuallygy ara alyp maslahatlaşdylar. Degişli görkezijileriň ondan bäşisi üýtgewsiz kabul edildi. Iki sany görkeziji soňlugy bilen anyklanar. Täze görkezijileriň bäşisi Türkmenistan üçin ulanylýar.

“Deňiz ekologiýa ulgamyny gorap saklamak” boýunça maslahat Türkmenistanda umman öwreniş çygrynda konsultasiýalaryň zerurlygyna gönükdirilendir. Gatnaşyjylar deňiz tehnologiýalary çygrynda gözlegler, şeýle hem ýurtda ylmy-barlag merkezlerini döretmek üçin çeşmeleriň bölünip berilmegini wajyplygy bilen ylalaşdylar.

Chary Nurmuhammedov

Çary Nurmuhammedow

RCO
BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy BMG-niň utgaşdyryş işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNESCO
BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen guramasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNHCR
BMG-niň Bosgunlar baradaky ýokary komissary
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyja degişli beýleki edaralar

World Bank
Bütindünýä banky

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz