Press reliz

9-njy gün: DÖM konsultasiýalarynda 6-njy “Arassa suw we arassaçylyk maksady” ara alnyp maslahatlaşyldy.

16 mart 2016

  • Gatnaşyjylar ähli sekiz wezipäni bolşy ýaly kabul etmek boýunça ylalaşdylar.

BMGÖM we Türkmenistanyň jemagat hojalygy ministrligi bü gün 6-njy “Hemmeler üçin agyz suwuny we arassaçylyk şertlerini üpjün etmek” maksadyny ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnanyşdylar. Maksat şu aşakdakylary öz içine alýar,

“Suw ýetmezçiligi ýer ýüzüniň adamlarynyň 40 göterimine täsir edýär, hem-de çaklamalar boýunça bu howsalaly san howanyň üýtgemeginiň netijesinde global temperaturanyň ýokarlanmagyna görä artar. 1990-njy ýyldan bäri 2,1 milliard adam kämilleşdirilen arassaçylyk şertlerini gazanan hem bolsa, howpsuz agyz suw ätiýaçlarynyň azalmagy ähli sebitlere täsir edýän agyr mesele bolup durýar.

2011-nji ýylda 41 ýurtda suw ýetmezçiligi bardy; olaryň onusy dikeldilýän agyz suw ätiýaçlaryny gutarmaga golaý hem-de indi adaty bolmadyk çeşmelere bil baglaýarlar. Barha güýçlenýän guraklyk we çölleşme bu tendesiýany has hem agyrlaşdyrýar. Çaklamalara görä, 2050-nji ýyla çenli suwuň ýetmezçiligi adamlaryň azyndan dörtden bir bölegine täsir eder”.

10 töweregi ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri 6-njy maksadyň sekiz wezipesini hem-de olaryň Türkmenistan üçin aktuallygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu günki konsultasiýa gatnaşyjylar ähli sekiz global wezipäni bolşy ýaly kabul etmek boýunça ylalaşdylar. 11 görkezijiniň sekizisi üýtgewsiz kabul edildi. Olaryň biri ýerli kontekste uýgunlaşdyryldy we ikisi soňlugy bilen anyklanmaga degişli bolup galýar.

Konsultasiýa obalarda we şäherlerde howpsuz agyz suwy we ýerlagym bilen üpjün etmek ýaly jähtleri öz içine aldy. Degişli görkezijiler ara alnyp maslahatlaşylanda Türkmenistanda eýýäm arassa agyz suwunyň elýeterligini giňeltmek, arassaçylyk we ýurtda suw çeşmelerini dolandyrmagyň netijeliligini artdyrmak boýunça milli maksatnamalaryň birnäçesini hereket edýänligi bellenip geçildi.

Chary Nurmuhammedov

Çary Nurmuhammedow

RCO
BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy BMG-niň utgaşdyryş işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNESCO
BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen guramasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNHCR
BMG-niň Bosgunlar baradaky ýokary komissary
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyja degişli beýleki edaralar

World Bank
Bütindünýä banky

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz