Press reliz

14-nji gün: DÖM boýunça konsultasiýalar 12-nji “Jogapkärçilikli sarp etmek we önümçilik” maksadyna bagyşlandy.

24 mart 2016

  • Gatnaşyjylar global wezipeleriň onusyny bolşy ýaly kabul etmek boýunça ylalaşdylar.

BMGÖM Türkmenistanyň tebigaty goramak we ýer çeşmeleri boýunça döwlet komiteti bilen bilelikde DÖM boýunça durnukly ösüş maksatlary boýunça konsultasiýalarda 12-nji “durnukly sarp ediş we önümçilik nusgalaryny üpjün etmek” maksady ugrunda maslahatlary alyp bardylar. Maksat şu aşakdakylary öz içine alýar,

Ykdysady we durnukly ösüşi gazanmak ekologiýa yzymyzyň harytlaryň we çeşmeleriň önümçilik we sarp ediş ýollaryny üýtgetmek bilen gysga wagtyň içinde kemeldilmegini talap edýär. Oba hojalygy bütin dünýäde iň iri suw sarp edijisi bolup durýar, hem-de häzirki wagtda adam tarapyndan ulanmak üçin niýetlenen arassa suwuň 70 göterimi ekerançylyk ýerlerini suwarmak üçin ulanylýar.

Umumy tebigy çeşmelerimizi netijeli dolandyrmak we zäherleýji galyndylary we hapalaýjy maddalary ýok etmek ýollary bu maksada ýetmegiň wajyp wezipeleri bolup durýar. Kärhanalary galyndylary gaýtadan işlemäge höweslendirmek we 2030-njy ýyla çenli ösüp barýan ýurtlary has durnukly gurluşlara geçmekde goldamak hem örän möhümdir.

Ýeriň ilatynyň köp bölegi häzir hem öz esasy zerurlyklaryny kanagatlandyrardan has az suw ulanýar. Adam başyna düşýän global iýmit galyndylary iki esse artdy. Bölekleýin söwda we sarp edijileri derejesinde has netijeli önümçilik zynjyrlarynyň döredilmegi zerurdyr. Bu azyk howpsuzlygynda ýardam edip, bizi has netijeli ykdysadyýete iterip biler”.

10 töweregi ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri 12-njy maksada ýetmegiň on bir wezipesini hem-de olaryň Türkmenistan üçin aktuallygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu günki konsultasiýalaryň wekilleri on wezipäni bolşy ýaly kabul etmek boýunça ylalaşdylar. 13 görkezijiniň üçüsi üýtgewsiz kabul edildi. Üçüsi ýerli kontekst boýunça üýtgedildi. Iki sany milli görkeziji işlenip düzüldi we olar çeşmeleri rejeli peýdalanmak we suw üpjünçiligini, azyk howpsuzlygyny we energetikany öz içine almak bilen ýurduň ykdysady pudaklarynda milli durnukly nusgalary işläp düzmek bilen bagly bolup durýar.

Ähli gatnaşyjylar umumy jemgyýetçilik isleglerini göz öňünde tutmak bilen rejeli önümçiligi üpjün etmek üçin ykdysadyýetiň pudaklarynda prosesleri kämilleşdirmegiň möhümligi bilen ylalaşdylar.  

Chary Nurmuhammedov

Çary Nurmuhammedow

RCO
BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy BMG-niň utgaşdyryş işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNESCO
BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen guramasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNHCR
BMG-niň Bosgunlar baradaky ýokary komissary
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyja degişli beýleki edaralar

World Bank
Bütindünýä banky

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz