Press reliz

BMGÖM we hyzmatdaşlar Global pandemiýadan iň köp ejir çekenlere goldaw berýär

04 sentýabr 2020

  • Ejiz ilata pandemiýanyň täsirini azaltmak üçin Aşgabadyň we Ahalyň ilatyna 2500-den gowrak azyk we 1250 arassaçylyk serişdeleri bilen ibermeler ýetdi. Ibermeleriň ýene bir toplumy ýakyn wagtda Lebap we Daşoguz welaýatlarynda ýaşaýan ejiz ilata gowşurylar.

Birleşen milletler guramasynyň Ösüş maksatnamasy “Ýeňme” jemgyýetçilik guramasy (Aşgabat we Ahal welaýaty üçin) we Türkmenistanyň Milli gyzyl ýarymaý jemgyýeti (Daşoguz we Lebap welaýatlary üçin) bilen häzirki pandemiýa ýagdaýyndan iň köp ejir çeken jemgyýeti kesgitlemek we goldamak maksady bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Global pandemiýanyň netijelerine garşy göreşmek üçin bölünip berlen “Tiz jogap beriş” grantynyň çäginde bu kyn günlerde ejiz adamlara kömek etmek üçin azyk we arassaçylyk serişdeler bilen ibermeler satyn alyndy.

“Zeper ýeten ilatyň köpüsi ilatyň ejiz toparlaryna we, esasan, durmuş hyzmatlaryndan goldaw talap edýänlere degişlidir. Şol toparlaryň arasynda pes girdejili maşgalalar, aýratyn zerurlygy bolan çagalar, maýyplar, köp çaganyň ýeke eneleri, ýalňyz garrylar bar” - diýip, “Ýeňme” jemgyýetçilik guramasynyň başlygy Gulýa Çorekliýewa düşündirdi. “Bilelikdäki işimiziň çäginde, pandemiýa ýagdaýyndan ejir çeken adamlara azyk we arassaçylyk serişdeleri bilen ibermeleri paýlamak üçin baryp görýäris we ýylyň bu agyr pursadynda olaryň ýeke galmaýandyklaryny görkezmek bilen oňyn pikirlenmäge höweslendirýäris”.

Kesgitlenen topara berilýän goldawyň Türkmenistan üçin ýiti ýokanç kesel bolan pandemiýa garşy tiz durmuş-ykdysady jogap beriş meýilnamasy boýunça giňeldilmegi meýilleşdirilýär. Bu meýilnama BMG-niň Ýurt boýunça toparynyň goldawy we BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň tehniki ýolbaşçylygy bilen, Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan işlenip düzüldi.

Bu durmuş-ykdysady jogap beriş meýilnamasy global pandemiýanyň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ýagdaýyna ýaramaz täsirini azaltmak üçin toplumlaýyn goldaw bukjasyny emele getirýän bäş ugurdan ybarat bolup, esasan hem, “hiç kimi yzda galdyrmazlyk” ýörelgesine laýyklykda, iň gowşak toparlarda ünsüni jemleýär.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz