Press reliz

Betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek boýunça halkara güni 2020-Döredijilik Bäsleşigi

14 sentýabr 2020

  • #ItsAllAboutGovernance
  • #DRRday

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmeginiň medeniýetini öňe sürdürmek üçin betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek boýunça halkara güni hökmünde bellendi. Halkara güni, 2015-nji ýylyň mart aýynda Ýaponiýada geçirilen BMG-nyň betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek boýunça Üçünji Bütindünýä konferensiýasynda kabul edilen 2015-2030-njy ýyllardaky betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek boýunça Sendai Çarçuwasyna laýyklykda betbagtçylyk töwekgelçiligini we adamlarda, durmuşda we saglykdaky ýitgileri azaltmak boýunça öňegidişlikleri ykrar etmek üçin bir pursatdyr.

2016-njy ýylda BMG-nyň Baş sekretary ýedi ýylyň dowamynda ýedi maksatlary öňe sürmek üçin “Sendai Ýedi kampaniýasyny” başlady. 2020-nji ýylyň “E” maksady: “2020-nji ýylda milli we ýerli betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek boýunça strategiýasy bolan ýurtlaryň sanyny ep-esli artdyrmak”, bu maksat Sendai Çarçuwasynyň durmuşa geçirilmegine esas döredýär we 2-nji hereketiň: “Betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini dolandyrmak üçin betbagtçylyk töwekgelçiliginiň dolandyryşyny has güýçlendirmek” ileri tutulýan ugry bilen berk baglanyşykly.  

Günüň esasy maksady, betbagtçylyklaryň adamlaryň durmuşyna we abadançylygyna edýän täsirine ünsi jemlemek bilen, bu ýylyn mowzugy, eger ýurtlaryň betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek boýunça strategiýalary bar bolsa, köp betbagtçylygyň öňüni alyp boljakdygyny habar bermekden ybarat. Munuň manysy “betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini has gowy dolandyrmak”

Betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek boýunça halkara gününe bagyşlanyp, BMG-nyň Betbagtçylyklaryň Töwekgelçiligini peseltmek boýunça işleýän bölümi, Merkezi Aziýada döredijilik bäsleşigini yglan edýär. Her bir adam öz zehinini görkezmäge we işini tabşyrmak bilen betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek barada habarlylygy ýokarlandyryp, jemgyýetiniň howpsuzlygyna goşant goşmaga mümkinçilik alýar. Döredijilik bäsleşiginiň şertlerini aşakda okap bilersiňiz.

Gatnaşanlar aşakdaky soraga jogap bermelidir:

Jemgyýetiňizdäki betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini nädip azaldyp bilersiňiz?

Gatnaşmagyň talaplary:

Döredijilik ukyby bolan islendik adam bäsleşige gatnaşyp biler.

Şu materiallary iberip bilersiňiz:

- Hekaýa / goşgy / düzme - iň köp 1 sahypa (400 söz)

- Foto-Surat / Illustratiýa / Çekilen-Surat - adam başyna 1

- 1 minutlyk wideo - adam başyna 1

Ibermek üçin:

Materiallar elektron görnüşinde ogulgerek.annayeva@un.org adresyna tabşyrylmaly ýa-da Türkmenistanyň Arçabil köçesiniň 21-nji jaýy, BMG iberilmeli. Gatnaşanlar tabşyrylan materialyň hilini üpjün etmek üçin jogapkärçilik çekýärler. Kemsidiji materiallar derrew ýatyrylar.

Iberilen material - awtorlyk hukugy bilen goralan bolsa ibermek bolmaýar.

Gatnaşanlar, tabşyrylan materialyň üçünji tarapyň ýa-da awtorlyk hukugynyň bozulmaýandygyny tassyklamaly we kepillendirmeli. Eger intellektual eýeçiligi bozulan ýagdaýda BMG jogapkärçilik çekmeýär.

Saýlanan gatnaşyjylar:

Bäsleşik, 2020-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda agşam sagat 23: 59-da ýapylýar (Aşgabat wagty), saýlama materiallar aýdyňlygyna, düzümine we umumy Bäsleşigiň mowzugyny görkezişine gora baha beriler. BMG baha bermek üçin adam bellär.

Saýlananlar 2020-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda yglan ediler we ýeňijä elektron poçta arkaly habar berler.

Hukuklar we eýeçilik:

Gatnaşanlar, ýeňiji bolmasa-da öz materiallaryny tabşyrmak bilen, çap etmek ýa-da elektron görnüşinde neşir etmek, uýgunlaşdyrmak, paýlamak, göçürmek, görkezmek ýa-da terjime etmek hukugyny mugt bermäge razylyk berýärler.

Baýrak:

Saýlanan gatnaşyjy BMG şahadatnamasyny alar, BMG öýünde betbagtçylyk töwekgelçiligini peseltmegine bagyşlanan çärelere çagyrylar we ýeňijileriň işi ýokarda aýdylyşy ýaly BMG materiallary üçin ulanylar.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz