BMG-nyň ýurt toparynyň bilelikdäki beýany

  • Birleşen milletler guramasynyň 75 ýyllygyna mynasybetli "Netijeli hyzmatdaşlyk arkaly COVID-19-a garşy göreşmek babatynda ygrarlylygymyzy tassyklaýarys”

2020-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda "Biziň arzuwlaýan geljegimiz, biziň isleýän Birleşen milletler guramamyz, netijeli hyzmatdaşlyk tagallalar arkaly COVID-19-a garşy köptraplaýyn göreşmek babatynda ygrarlylygymyzy tassyklaýarys" atly global mowzukda Birleşen milletler guramasynyň 75 ýyllygyny belläris.

Biz, Birleşen milletler guramasynyň Türkmenistanda we Türkmenistan bilen bilelikde işleýän guramalary, global pandemiýa garşy göreşmek, onuň zyýanly netijelerini azaltmak we türkmen halkynyň bu ýagdaýdan gaýtadan dikelişi üçin edýän bilelikdäki tagallalarymyzy görkezmek üçin birleşýäris. Biz diňe üstünliklerimizi we geljekdäki meýilnamalarymyzy paýlaşmak bilen çäklenmän, eýsem ähli hyzmatdaşlarymyz we halk köpçüligi bilen işimizi mundan beýläk ösdürmegiň ýollaryny hem ara alyp maslahatlaşmak isleýäris.

BMG-niň Türkmenistandaky ulgamy dünýäde koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly çylşyrymly ýagdaýyň başlanyndan bäri Hökümet, raýat jemgyýetleri, milli hyzmatdaşlar we hususy pudak bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edýär. Biz Türkmenistanyň Hökümetine “Türkmenistanyň Ýiti ýokanç kesel garşy taýýarlygyny we dessin çareleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasyny”, şeýle hem “Türkmenistanda ýiti ýokanç keseliniň pandemiýasyna garşy dessin durmuş-ykdysady çäreleriň meýilnamasyny” işläp düzmäge ýardam etdik. Iki meýilnama hem Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan iň ýokary derejede tassyklandy. BMG-sy bu pandemiýanyň ýurtda ýaýramagynyň öňüni almak we Türkmenistanyň ilatyna onuň ýetirýän zyýanly täsirini azaltmak maksady bilen bu meýilnamalary durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Hökümetine goldaw bermäge dowam eder.

BMG-sy “Türkmenistanda ýiti ýokanç keseliniň pandemiýasyna garşy dessin durmuş-ykdysady çäreleriň meýilnamasynda” agzalan ilatyň durmuş taýdan ynjyk gatlagyna: aýýalara, saglyk işgärlerine, gartaşan  we lukmançylyk şertleri bolan adamlara, ýalňyz ýaşaýan adamlara, kyn ýaşaýyş ýagdaýda ýaşaýan adamlara, ýaşlara, çagalara, migrant işgärlere, maýyplygy bolan adamlara, internatda ýaşaýan adamlara,  uzak daşda ýaşaýan adamlara, raýatlygy bolmadyk adamlara we agyr ykdysady şertlerde ýaşaýan adamlara COVID-19-yň  ýetirýän täsiri barada aýratyn alada edýär. Dünýä tejribesinden mälim bolşy ýaly, ilatyň bu toparlary goşmaça goldawa mätäç bolýarlar.

Biz COVID-19-y ýeňip geçeris, emma biz has adalatly, inklýuziw, durnukly, howpsuz we sagdyn dünýäni gurmalydyrys. Durnukly ösüş maksatlary we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretarynyň On ýyllyk tagallalary bilen laýyklykda, biz, hiç bir toparyň yzda galmazlygy üçin bilelikde işlemelidiris.

Ýakynda geljek günlerde we hepdelerde, 24-nji oktýabrda bellenilýän BMG gününiň öňüsyrasynda, biz, internet serişdeler we web sahypalarymyz arkaly BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň Türkmenistan halkynyň bähbidi üçin Hökümete berýän utgaşdyrylan goldawy barada maglumatlary Siziň bilen paýlaşarys.  Hyzmatdaşlarymyzy we halk köpçüligini geljegimizi bilelikde gurmak ugrundaky hyzmatdaşlyga çagyrýarys.

Media arkaly habarlaşylýan adamlar
BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri
IOM
Halkara migrasiýa guramasy
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNESCO
BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen guramasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNHCR
BMG-niň Bosgunlar baradaky ýokary komissary
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy