Press reliz

Türkmenistanyň habar beriş serişdeleriniň işgärleri pandemiýa döwründe ene-atalar üçin habarlaşma usullary barada maslahata gatnaşýarlar

17 sentýabr 2020

  • Şu hepde ÝUNISEF Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we BSGG-nyň goldawy bilen Türkmenistanyň pandemiýa garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasynyň çäginde pandemiýanyň öňüni almak barada ikinji ýygnagyny geçirdi.

Habarçylar we baş redaktorlar üçin geçirilen bu maslahatyň dowamynda pandemiýa meselesinde ene-atalar üçin habarlary ýaýratmak, hususan-da çagalar bilen aragatnaşyk saklamagyň we täze hakykata öwrenişmäge kömek etmegiň ýollary ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başgada, çäräniň dowamynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ÝUNISEF we BSGG-nyň mekdepleri açmak boýunça görkezmeleri boýunça maglumat aldylar.

Ýygnagyň dowmaynda metbugat wekillerine halkara tejribesine esaslanyp, birnäçe maslahatlar berildi. Olaryň arasynda kemsidiji dili ulanmakdan gaça durmak we keselden gutulýan adamlaryň onyň başdan geçirmelerini aýan etmek ýaly usullary göz öňüne tutup, COVID-19 keseli bilen baglanyşykly bütindünýä meseleler barada habar bermek maslahat berildi.

“Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ilata, ene-atalara we çagalara saglyk we arassaçylyk kadalaryny ýaýratmakda möhüm orny eýeleýär. Biz köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen, hususan-da, Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen arassaçylyk boýunça wideo şekillerini taýýarlamak boýunça ýakyn hyzmatdaşlyk edýäris. Geljekde hem biz pandemiýa döwründe we ondan soňky döwürde Türkmenistandaky çagalaryň saglygyny we abadançylygyny üpjün etmek üçin milli habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen hyzmatdaşlygymyzy giňeltmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýarys "- diýip, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Kristin Weýgand belläp geçdi.

Maslahatdan öň ÝUNISEF-iň wekili Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet meseleleri boýunça orunbasary we Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy bilen duşuşyga gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda iki tarap 2021-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda ÝUNISEF-iň Ýurt boýunça maksatnamasy esasynda pandemiýanyň öňüni almagy, çaganyň irki ösüşi we beýleki ileri tutulýan ugurlar boýunça çagalar we ene-atalar üçin täze meýilnamalary bilelikde işläp düzmegi maksat edinýändigi nygtadylar.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz