Press reliz

BMG-niň ýokary derejeli ykdysatçylary global “megaýörelgeler” gözegçilikden çykarylmasa, özümiziň döreden çökgünliklerimiz barada duýduryş berýärler

17 sentýabr 2020

  • Geljekdäki şowsuzlyklardan gaça durmak üçin, täze hasabat syýasatlaryň durmuşa geçirilişini düýpli özgertmäge çagyrýar

BMG-niň Ykdysadyýet tory şu gün täze hasabatda degişli gyssagly syýasat çäreleri geçirilmese, adamzat tarapyndan döredilen bäş sany “megaýörelgäniň” dünýäniň has durnukly we gülläp ösmegi ugrundaky tagallalara päsgelçilik berjekdigi we olary puja çykarjakdygy barada duýduryş berdi.

Birleşen milletler guramasynyň ulgamynyň esasy ykdysatçylary howanyň üýtgemegini we tebigatyň zaýalanmagyny, deňsizlikleri, şäherleşmäni, ilatyň tiz üýtgemegini we tehnologiki öwrülişigi şu asyryň dowamynda dünýämizi kemala getirjek bäş sany “megaýörelge” hökmünde bilelikde kesgitlediler. Hasabatyň awtorlarynyň pikiriçe, olaryň täsiriniň oňyn ýa-da negatiw bolmagy häzirki wagtda durmuşa geçirilýän syýasata baglydyr.

“Döwrümiziň ýörelgelerini kemala getirmek” atly hasabatda Durnukly ösüş boýunça gün tertibini durmuşa geçirmegiň bäş ýyllygynda öňegidişligiň ýokdugy we, köp halatlarda, COVID-19 çökgünligi zerarly yza gaýdandygy ýüze çykaryldy. Syýasat borçnamalary syýasat hereketlerine geçirilmedi. Durnukly maliýe köpelse-de, ol ýeterlik tizlikde we gerimde köpelmeýär. “Özümizi alyp barşymyzyň we pikirlerimiziň üýtgemegi durnukly ösüş baradaky isleglerimize entek gabat gelenok.”

BMG-niň 75-nji Baş Assambleýasynyň öňüsyrasynda çap edilen BMG-niň Ykdysadyýet torunyň hasabatynda geljekki 75 ýylda syýasaty işläp düzmegiň täze, bitewi usuly talap edilýär. Adatça aýratynlykda çemeleşilen sanlaşdyrma, şäherleşmäni meýilleşdirmek we energiýa önümçiligi ýaly baglanyşyksyz görünýän ugurlarda has berk hyzmatdaşlyk ugrunda çykyş edýär. Hasabatyň awtorlary häzirki kemçilikleriň ýa-da aç-açan şowsuzlyklaryň megaýörelgeleriň ýaramaz täsirlerine sebäp boljakdygy barada duýduryş berýärler.

Hasabatda aýdylmagyna görä, häzirki bozulan syýasaty düýpli abatlamazdan, 17 sany Durnukly ösüş maksatlaryna - hemme ýerde adamlaryň durmuşyny gowulaşdyrmak ugrunda 15 ýyllyk global maksatlara ýetmek ähtimallygy gaty pes.

“Birnäçe onýyllyklaryň dowamynda bu megaýörelgeleri gysga wagtda aňsatlyk bilen yzyna gaýtaryp ýa-da uly derejede üýtgedip bolmaz. Emma, olar adam işjeňliginiň netijesidir we, şonuň üçin, wagtyň geçmegi bilen olary yzygiderli syýasatlar arkaly üýtgedip bolar”- diýip, hasabatyň taýýarlanmagyna ýolbaşçylyk eden BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça bölüminiň başlygy Liu Zhenmin aýtdy.

Mysal üçin, onlarça ýyllap dowam eden durnukly we maksatly syýasatlar megaýörelgeleriň iň uly üýtgemeleriniň birine, ýagny dünýä ilatynyň düýpgöter üýtgemegine goşant goşdy. Dünýä ilatynyň ortaça ýyllyk ösüşi 1960-njy ýyllarda iň ýokary görkeziji bolan 2%-den häzirki wagtda 1%-e çenli peseldi we onuň asyryň ahyryna çenli bütin bes ediljekdigine garaşylýar.

Çaga dogurmak derejesiniň peselmegi jyns deňligini has uly derejede goldap biler, çünki zenanlar çaga dogurmak we çaga seretmek üçin az wagt sarp edýärler. Beýleki tarapdan, ilatyň çalt garramagy innowasiýa, öndürijilik we makroykdysady ösüş babatda çäklendirmeler barada aladalary döredýär.

Täze hasabatda şeýle baglanyşyklara diňe bir megaýörelgeleriň çäginde däl, eýsem olaryň hemmesi babatda syýasaty işläp düzmekde ünsli garalmalydygy aýdylýar. Liu Zhenmin: “Her megaýörelgäniň beýleki megaýörelgelere-de täsir edýändigi sebäpli, bir ugurdaky syýasat çäreleri beýleki sebitde oňyn we özara güýçlendiriji täsirleri döredip biler” – diýip nygtady.

Mysal üçin, şäherleşme tehnologiki innowasiýa we öndürijiligi gazanmak üçin ähli zerur faktorlary birleşdirýär. Şäher merkezleri global parnik gazlarynyň aglaba bölegini we ähli galyndylaryň ýarysyna golaýyny düzýän hem bolsa, dogry meýilnamalaşdyrma we gözegçilik daşky gurşawa ýetirilen zyýany ýeňip geçip, deňlige we durnuklylyga goşant goşup biler. Hasabatda aýdylmagyna görä, şeýle deňagramlylyklary dolandyrmak bilelikdäki peýdalary ýokarlandyrmak ýaly möhümdir.

Mysal üçin, tehnologiki innowasiýa we sanlaşdyrma, esasan hem, onlaýn öwreniş we uzakdan işlemek döwründe girdejilerdäki deňsizligi aç-açan görkezdi. Howanyň üýtgemegi bolsa ýüzlerçe million adamy kenarýaka sebitlerinden we gurakçylyga sezewar bolan ýerlerden göçürmek arkaly, oba-şäher migrasiýasyny güýçlendirip biler.

Hasabatda halkara hyzmatdaşlygynyň we Birleşen milletler guramasynyň durnukly hereketler boýunça içerki syýasy ylalaşygyny yzygiderli herekete getirmegiň üsti bilen, global megaýörelgeler babatda hereketleri işläp düzmekde möhüm rol oýnaýandygy nygtalýar. BMG, hususan-da, serişdeleri az bolan ýurtlar üçin zerur bolan global goldawy mobilizlemekde ýardam edip biler.

Goşmaça sözler

BMGÖM-iň dolandyryjysy Açim Steiner: “2020-nji ýylda COVID-19 netijesinde, adamzadyň global ösüşi bu çäre başlany bäri ilkinji gezek pese gaçdy. Emma, megaýörelgeler barada bu hasabatda bellenilişi ýaly, pandemiýa mümkinçilikleriň serhetlerini hem öňe süýşürdi. Çökgünlik ýagdaýynda ýurtlar has gowy ösüş üçin durmuş goragyny tiz giňeltmek, daşky gurşawy goraýan ykdysadyýete maýa goýmak we sanly deňsizligi aradan aýyrmak üçin batyrgaý karar berýärler. Şeýle hem, hasabatda ykdysadyýet bilen daşky gurşawyň arasynda baglanyşygy ýola goýmazdan, çökgünlikden gutulmagyň mümkin däldigi barada aç-açan duýduryş berilýär. Has dogrusy, bu adamlar bilen planetanyň arasynda gatnaşygy düzetmek üçin nesilden-nesle bir pursatdyr.”

BMG-niň Ilatly ýerler boýunça maksatnamasynyň ýerine ýetiriji müdiri Maimunah Mohd Şarif: “Hasabatda megaýörelgelere we olaryň baglanyşyklaryna düşünmek esasynda toplumlaýyn syýasat ýöretmek babatda esasly pikirler getirilýär. Mysal üçin, Durnukly şäherleşme boýunça toplumlaýyn syýasatlar şäherleri birbada gowulaşdyryp, tehnologiki innowasiýalary ösdürip, howanyň üýtgemegi babatda çäreleri öňe sürüp, ilatyň garrylaşmagyny dolandyryp we deňsizligi azaldyp biler.”

BMG-niň Daşky gurşaw maksatnamasynyň ýerine ýetiriji müdiri Inger Andersen: “Ekosistemalary, biodürlüligi we ýabany tebigaty yzygiderli ýok etmegimiz global ykdysady ösüşe gönüden-göni täsir edýär. COVID-19 pandemiýasy bu netijeleriň soňky taryhdaky iň agyr görnüşleriniň biridir. 17 sany maksadyň 169 sany wezipesinden ýarysyndan gowragy gönüden-göni ýa-da gytaklaýyn ýagdaýda tebigata degişlidir; adamlar bilen tebigatyň arasyndaky gatnaşyklaryň durnukly ösüş üçin möhümdigine düşünmek we bu gatnaşyklary her derejede göz öňünde tutýan syýasatlary işläp düzmek has gülläp ösýän, adalatly we sagdyn dünýä açar bolup durýar.”

BMG-niň Ösüş ykdysadyýeti babatda bütindünýä ylmy-barlag institutynyň müdiri Kunal Sen: “Bu hasabatda beýan edilen megaýörelgeleriň adamzadyň geljegine howp salýandygy düşnüklidir, ýöne global megaýörelgeleriň adamlaryň iň köp gyzyklanýan netijelerine ýetirýän täsiri, uly derejede, syýasat hereketleriniň täsiri astynda bolup, bilelikdäki we hyzmatdaşlyga esaslanan tagallalaryň üsti bilen dolandyrylyp bilner. Ugurlaryň arasynda has köp hyzmatdaşlyga çagyryş iň oňat subutnamalara esaslanýan aýgytly syýasaty üpjün etmek üçin zerur diýip pikir edýärin. Deňsizligiň netijeleriniň diňe bir ykdysady ösüşiň depginlerine däl-de, eýsem dünýäniň döwletleriniň, jemgyýetleriniň we ykdysadyýetleriniň ösüşinde öz içine alyjy özgerişlere görkezilen yhlasa baglydygy barada ynamly aýdyp bolar.”

= = =

Hasabaty şu salgyda tapyp bilersiňiz http://bit.ly/UNmegatrends

Ýüztutma boýunça söhbetdeşlik üçin elýeterli hünärmenler, hünärmenleriň gürleýän dilleri atlarynyň gapdalynda ýaýyň içinde görkezilýär

  • Elliott Harris, BMG-niň Ykdysady ösüş boýunça Baş sekretarynyň kömekçisi we baş ykdysatçy (iňlis, nemes)
  • Puşpam Kumar, Daşky gurşaw boýunça baş ykdysatçy, BMG-niň Daşky gurşaw maksatnamasy (iňlis)
  • Heriberto Tapia, Baş gözlegçi we syýasat hünärmeni, BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (iňlis, ispan)
  • Çantal Line Karpentier, BMG-niň Söwda we ösüş boýunça maslahatynyň Nýu-Ýorkdaky ofisiniň başlygy
  • Gözlegçi, Ösüş ykdysadyýeti babatda bütindünýä ylmy-barlag instituty (iňlis, ispan)
  • Kunal Sen, Ösüş ykdysadyýeti babatda bütindünýä ylmy-barlag institutynyň müdiri (iňlis)

Esas

“Döwrümiziň ýörelgelerini kemala getirmek” atly hasabat BMG-niň Ykdysady ösüş boýunça Baş sekretarynyň kömekçisi we baş ykdysatçy Elliott Harrisiň ýolbaşçylygynda Birleşen milletler guramasynyň Ykdysadyýet tory tarapyndan taýýarlandy. BMG-niň aşakdaky guramalarynyň işgärleri hasabata öz goşandyny goşdular: Birleşen milletler guramasynyň Ykdysady we durmuş işleri bölümi, (UNDESA); Afrika üçin ykdysady topar (ECA); Ýewropa üçin ykdysady topar (ECE); Latyn Amerikasy we Karib deňziniň ýurtlary üçin ykdysady topar (ECLAC); Aziýa we Ýuwaş ummany sebitindäki ýurtlar üçin ykdysady we durmuş topary (ESCAP); Günbatar Aziýa üçin ykdysady we durmuş topary (ESCWA); Birleşen milletler guramasynyň Söwda we ösüş maslahaty (UNCTAD); Birleşen milletler guramasynyň Ösüş maksatnamasy (UNDP); Birleşen milletler guramasynyň Azyk we oba hojalygy guramasy (FAO); Halkara Zähmet guramasy (ILO); Halkara Telekommunikasiýa bileleşigi (ITU); Halkara Söwda merkezi (ITC); Birleşen milletler guramasynyň jyns deňligi we zenanlaryň hukuklaryny artdyrmak boýunça guramasy (BMG-Zenanlar); Birleşen milletler guramasynyň Daşky gurşaw maksatnamasy (UNEP); Birleşen milletler guramasynyň Ilatly ýerler boýunça maksatnamasy (BMG-Habitat); Birleşen milletler guramasynyň Senagat ösüş guramasy (UNIDO); Birleşen milletler guramasynyň Ilat gaznasy (UNFPA); Birleşen milletler guramasynyň Durmuş ösüşi instituty (UNRISD); Birleşen milletler guramasynyň Ösüş ykdysadyýeti babatda bütindünýä ylmy-barlag instituty (UNU-WIDER); Birleşen milletler guramasynyň Innowasiýa we tehnologiýa boýunça Maastriht ykdysady we durmuş ylmy-barlag instituty (UNU-MERIT); we Bütindünýä Intellektual eýeçiligi guramasy (WIPO).

Has giňişleýin maglumat üçin aşakdakylar bilen habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris:

Dan Şepard, BMG-niň Bütindünýä aragatnaşyk bölümi, e-poçta shepard@un.org; tel. +1 646-675-3286

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

FAO
BMG-niň azyk we oba hojalyk guramasy
ILO
Halkara zähmet guramasy
ITC
Halkara söwda merkezi
ITU
Telekommunikasiýalaryň halkara birleşigi
UN DESA
BMG-niň ykdysady we sosial soraglary boýunça departamenti
UN ECA
BMG-niň Afrika üçin ykdysady komisiýasy
UN ECLAC
BMG-niň Latin Amerika we Karib Basseýni üçin ykdysady komissiýasy
UN ESCAP
BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman üçin ykdysady we sosial komissiýasy
UN ESCWA
BMG-niň Günbatar Aziýa üçin ykdysady we sosial komissiýasy
UN-Habitat
BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasy
UNCTAD
BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasy
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNIDO
BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasy
WIPO
Intellektual emläk boýunça bütindünýä guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz