Press reliz

Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri 2030-njy ýyla çenli Gün tertibine ýetmekde öz rollaryny mälim edýärler

22 sentýabr 2020

  • Şu gün Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri ýaşlaryň gözleri bilen Durnukly ösüş maksatlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin onlaýn gepleşik gurady.

Bu çäre Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge ýaşlaryň nädip gatnaşyp biljekdigini we bu babatda eýýäm edilen işleri ara alyp maslahatlaşmagy maksat edinýär.

Onlaýn ýygnakda deň-duşlarynyň arasynda Durnukly ösüş maksatlaryny wagyz etmek höwesi bilen birleşen dürli ýaşlar topary ýygnandy. Duşuşyga Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň we BMG-niň gulluklarynyň wekilleri hem gatnaşdy.

“Şu gün BMG-niň Baş sekretarynyň “BMG75: isleýän geljegimiz, bize zerur bolan BMG” atly hasabatyny hödürlejekdigini bellemegi isleýärin. Siziň Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri we türkmen ýaşlary hökmünde Birleşen milletler guramasynyň 75 ýyllygyna bagyşlanan global gepleşiklere işjeň gatnaşandygyňyz üçin men örän şat” - diýip, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa aýtdy.

Mundan başga-da, gatnaşyjylar Türkmenistanda geçirilen BMG75 kampaniýasy we BMG75 global kampaniýasynyň dowamynda ýüze çykarylan on sany esasy netije bilen tanyşdy, bu netijeler şulary öz içine alýar: saglygy goraýyş, esasy hyzmatlaryň elýeterliligi, global raýdaşlyk, öz içine alyjy ykdysadyýet, howanyň üýtgemegi, garyplyk, hökümet parahorlugy, dawa we zorluk.

“Durnukly ösüş maksatlary ýönekeý. Olar biziň durmuşymyzyň bir bölegidir. Durnukly ösüş maksatlaryna näçe ir ýetsek, ertirki durmuşymyz şonça-da gowy bolar” – diýip, Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçisi Maýa Amanmuradowa belledi.

Gatnaşanlar Durnukly ösüş maksatlary boýunça bäsleşikleri, oýunlary we çykyşlary geçirdiler. Çäre gatnaşyjylaryň hemmesiniň meşhur “Biz dünýä” aýdymynyň bilelikde ýerine ýetirilmegi bilen tamamlandy.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UN
Birleşen Milletler Guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz