Press reliz

Milli hyzmatdaşlarymyz BMG-niň we Türkmenistanyň Hökümetiniň ýerli derejede durmuş hyzmatlary baradaky Bilelikdäki maksatnamasy bilen tanyşýar

21 oktýabr 2020

  • BMG-sy we Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi milli hyzmatdaşlarymyzy ýerli derejede ýokary hilli hemmetaraplaýyn durmuş hyzmatlary baradaky BMG-niň we Türkmenistanyň Hökümetiniň Bilelikdäki maksatnamasy bilen tanyşdyrmak üçin onlaýn duşuşyk gurnady. Milli hyzmatdaşlarymyz Bilelikdäki maksatnamanyň maksatlary, şu wagta çenli ýeten sepgitleri we mundan beýläk garaşylýan netijeleri bilen tanyşdylar.    

Bilelikdäki maksatnama gatnaşýan BMG-niň edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary, beýleki ministrlikleriň wekilleri, häkimlikleriň, durmuş hyzmatlaryny edýän döwlete degişli edaralaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde, duşuşyga gatnaşanlaryň sany 150-den geçdi. Gatnaşanlaryň sanynyň köp bolmagyna garamazdan, Bütindünýa Saglyk Guramasynyň pandemiýa döwründe öňüni alyş çäre hökmünde berýän maslahatlary doly berjaý edildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar Bilelikdäki Maksatnamanyň ýurduň durmuş hyzmatlaryny ediş ulgamyny özgertmekde amala aşyrýan maksada okgunly ädimleri bilen tanyş boldular. Durmuş hyzmatlary ulgamlaryny özgertmekde we durmuş hyzmatlary boýunça okuwlary geçirmekde halkara derejede abraýly şereketleriň Bilelikdäki maksatnama berýän tehniki goldawy barada habar berildi. Durmuş hyzmatlarynyň sanawy döredilip, oňa seljerme berilmeginiň häzirki döwürde bar bolan durmuş hyzmatlaryny ediş ulgamyndaky ýetmezçilikleri ýüze çykarmakdaky ähmiýeti hem aýratyn bellenildi. Şeýle-de,  durmuş hyzmatlaryny etmek baradaky milli kanunçylyga syn bermegiň we bu ugurda şu wagta çenli amala aşyrylan işler barada hem gatnaşyjylara maglumat berildi. Onlaýn duşuşyk BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň we Bilelikdäki maksatnama gatnaşýan BMG-niň edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Bilelikdäki maksatnamanyň maksatlaryny we onuň maksat toparlaryny beýän edýän gysgaça wideo ýazgysyna tomaşa etmek bilen jemlendi.

Duşuşyk onlaýn görnüşde geçirilen hem bolsa, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen ýakyn hyzmatdaşlygyň netijesinde ýurduň ähli künjeginden gatnaşýan gatnaşyjylar Bilelikdäki maksatnamanyň maksatlaryny beýän edýän kitapjyk bilen üpjün edildi.

BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň ý.ý., BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekiliniň ý.ý. Natiýa Natswlişwiliniň duşuşyga gatnaşyjylara ýüzlenmesinde belleýişi ýaly

“Bu maksatnama örän uly maksatlary öňde goýýar, ýöne BMG-niň edaralarynyň we milli hyzmatdaşlarymyzyň milli we ýerli derejede ýakyn hyzmatdaşlyk etmegi netijesinde olary amala aşyrmak mümkindir.”

“Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek” atly Bilelikdäki maksatnama 2019-njy ýylyň dekabr aýynda gol çekildi. Bu maksatnama gatnaşýan BMG-niň edaralary: şu maksatnama boýunça BMG-sy tarapyndan ýolbaşçy edara hökmünde BMG-niň Çagalar gaznasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Ilat gaznasy we BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi. Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan esasy hyzmatdaş bolsa Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligidir.

Guljahan Gochova

UNDP Project Specialist/Communication Specialist for Joint Programme

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz