Press reliz

BMG, Halkara Maliýe institutlary we Türkmenistanyň Hökümeti COVID-19-a garşy göreşmek boýunça milli köp hyzmatdaşly meýilnamalaryny durmuşa geçirmek üçin maglumatlary paýlaşmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşýarlar

29 oktýabr 2020

  • Türkmenistanda BMG-niň ulgamy, Halkara Maliýe guramalary we Türkmenistanyň Hökümeti Türkmenistanyň Ýiti ýokanç kesellere milli taýýarlyk we garşylyk meýilnamasynyň (CPRP) hem-de Global pandemiýa tiz durmuş-ykdysady garşylyk meýilnamasynyň (SERP) çäginde gazanylan üstünlikleri ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnak geçirdi.

Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary we Türkmenistanyň Daşary işler ministri jenap Meredow we BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy hanym E. Panowa tarapyndan bilelikde ýolbaşçylyk edilen ýygnak BMGÖM-iň, UNICEF-iň, BMG-niň Ilat gaznasynyň, BSGG-niň, şeýle-de Bütindünýä bankynyň, Aziýanyň Ösüş bankynyň (ADB) we Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş Bankynyň (EBRD) ýurt boýunça müdirlerini bir ýere jemledi.

Duşuşyk CPRP we SERP meýilnamalaryň çägindäki meýilleşdirilýän çäreleriň ýerine ýetirilişi barada yzygiderli maglumat alyş-çalşygyny goşmak bilen iki meýilnamany doly durmuşa geçirmek üçin zerur maglumatlary almak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdy.

Gatnaşanlar iki milli meýilnamanyň çäginde ylalaşylan işleriň gidişini üpjün etmek üçin kärdeşleriniň arasynda has ýakyn gatnaşyklaryň zerurdygyny bellediler.

BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Ýelena Panowa:

“Hakyky we ygtybarly maglumatlaryň elýeterliligi pandemiýanyň ýurtda, şol sanda makroykdysady ýagdaýa we dürli ilat toparlaryna edýän täsirine düşünmek üçin möhüm şertdir” – diýip nygtady.

Ösüş hyzmatdaşlary bilen milli pudak ministrlikleriniň arasynda yzygiderli maglumat alyş-çalyş ýygnaklaryny noýabr aýynyň başynda dowam etdirmek barada ylalaşyga gelindi. Bu ýygnaklarda CPRP we SERP meýilnamalaryny durmuşa geçirmekdäki öňegidişlik we kynçylyklar gözden geçiriler.

Chary Nurmuhammedov

Çary Nurmuhammedow

RCO
BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy BMG-niň utgaşdyryş işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz