Press reliz

Durmuş hyzmatlary boýunça Bilelikdäki maksatnamanyň Dolandyryjy komiteti wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşýar

05 noýabr 2020

  • Ýerli derejede, hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlary baradaky BMG-niň we Türkmenistanyň Hökümetiniň Bilelikdäki maksatnamasynyň Dolandyryjy komiteti onlaýn duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyga Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri Muhammetseýit Sylapow we BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa bilelikde ýolbaşçylyk etdiler.

Bilelikdäki maksatnama gatnaşýan birnäçe ministrlikleriň ministrleriniň orunbasarlary, Bilelikdäki maksatnama boýunça hyzmatdaşlyk edýän BMG-niň edaralarynyň ýolbaşçylary we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary Bilelikdäki maksatnamanayň şu wagta çenli ýerine ýetirilişi barada hasabatlary diňlediler we onuň wajyp meselellerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Dolandyryjy komitetiň agzalary Bilelikdäki maksatnamanyň çäginde ýerli derejede hemmetaraplaýyn durmuş hyzmatlarynyň täze nusgasyny işläp düzmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyş boldular. Ýygnaga gatnaşyjylar durmuş hyzmatlaryna degişli kanunçylyga syn bermek boýunça alnyp barylýan işleriň ilkinji tapgyrynyň netijeleri baradaky çykyşy diňlediler. Şeýle hem, Dolandyryjy komitetiň agzalary hökümete degişli we hökümete degişli bolmadyk durmuş hyzmatlaryny üpjün edijiler tarapynda edilýän durmuş hyzmatlarynyň sanawynyň seljermesi bilen tanyşdylar.

BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa açylyş çykyşynda şeýle belledi:

“Bu maksatnama durmuş hyzmatlary ulgamyny özgertmeklige bitewi çemeleşmek boýunça BMG-nyň ilkinji bilelikdäki tagallasydyr. Hemmetaraplaýyn, ýerli derejede durmuş hyzmatlaryny girizmek bilen Bilelikdäki maksatnamamyz durmuş goraglylygy, bilim, saglyk we iş üpjünçiligi pudaklary arkaly durmuş hyzmatlary ulgamynda düýpli özgerişleri amala aşyrmagy maksat edinýär.”

Dolandyryjy komitetiň agzalary Dolandyryjy komitetiň Tehniki tabşyryknamasyna üýtgetme girizmek arkaly Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý jemgyýetini onuň düzümine girizmek hem-de Dolandyryjy komitetiň ýanyndaky Iş toparynyň Tehniki tabşyryknamasyna üýtgetmeler girizmek arkaly “Ýeňme,” “Keýik Okara” jemgyýetçilik guramalaryny we Türkmenistanyň Körler we kerler jemgyýetini onuň düzümine girizmek barada karar kabul etdiler.

Bilelikdäki matsatnama boýunça hyzmatdaşlyk edýän BMG-niň edaralary, ýagny BMG-niň Çagalar gaznasynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Ilat gaznasynyň hem-de BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň ýolbaşçylary Bilelikdäki maksatnamanyň ähli ugurlary boýunça durnuklylygyny gazanmaklygyň wajypdygyny bellediler. Olar täze işe alnan durmuş hyzmatlary boýunça hünärmenleriň döwlet býujeti tarapyndan maliýeleşdirilmeginiň, durmuş işi boýunça hünärmenleriň we durmuş işi bilen ugurdaş beýleki hünärleriň wekilleriniň hünär kämilligini artdyrmak üçin ýurt boýunça geçiriljek hünär okuwlary babatynda hyzmatdaşlyk etmegiň, durmuş hyzmatlary boýunça institusional gurallaryň işlenip düzülmeginiň, we ýokary okuw jaýlary üçin durmuş işi boýunça okuw meýilnamalarynyň işlenip düzülmeginiň ähmiýetini aýratyn bellediler.

Guljahan Gochova

UNDP Project Specialist/Communication Specialist for Joint Programme

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz