Adam hukuklary boýunça milli maksatnama ulgamyna gözegçilik etmek
01 dekabr 2017
- Okuwlar BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň bilelikdäki taslamasynyň çäginde geçirildi.
BMG-niň Ösüş maksatnamasy Adam hukuklary boýunça bölümara komissiýasynyň Iş topary bilen bilelikde Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine gözegçilik etmek we oňa baha bermek ulgamyny ösdürmek boýunça okuwlary geçirdi. Okuwlar BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň bilelikdäki taslamasynyň çäginde geçirildi. Seminar “Adam hukuklary boýunça 2016-2020-nji ýyllar üçin milli maksatnamany durmuşa geçirmekde ýardam bermek” diýlip atlandyryldy.
Duşuşygyň gatnaşyjylary milli maksatnamany durmuşa geçirmäge gözegçilik etmegiň we ol barada hasabat bermegiň prosesi barada maslahatlaşdy, onuň peýdaly taraplaryny we kemçiliklerini kesgitledi we guramanyň wezipeleriniň, şol sanda proseduralarynyň ýagdaýyny, şeýle-de milli maksatnamanyň umumy ornuny ýüze çykardy. BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň halkara hünärmeni jenap Sinisa Milatowiç: “Netijeli gözegçilik ediş ulgamyň bolmagy jogapkär ministrliklere we bölümlere adam hukuklary pudagynda garaşylýan netijeleri gazanmakda ýeten öňegidişliklere gözegçilik etmäge ýardam berýär. Adam hukuklary boýunça teklip edilen gözegçilik ulgamy Türkmenistanyň 2016-njy ýylda kabul eden durnukly ösüş boýunça degişli maksatlarynyň, ugurlarynyň we görkezijileriniň, esasan hem, hukugyň hökmürowanlygy we dolandyryş meseleleri boýunça 16-njy wezipesiniň durmuşa geçirilmegine we olara gözegçilik edilmegine goşant goşar” diýip belledi.
Okuwyň ikinji ýarymynda gözegçilik ediş ulgamynyň düzümleýin gurluşyna we milli maksatnamanyň durmuşa geçirilişi babatda maglumaty ýygnamak boýunça hasabatyň görnüşine aýratyn üns berildi. Ondan başga-da, milli maksatnamany durmuşa geçirmek işine garaşsyz ýagdaýda baha bermek üçin ombudsmeniň gatnaşmagy hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
BMG-niň Ösüş maksatnamasy Türkmenistanda adam hukuklaryny wagyz etmegiň we olary goramagyň mehanizmlerini kämilleşdirmegiň üsti bilen, Adam hukuklary boýunça 2016-2020-nji ýyllar üçin milli maksatnamanyň durmuşa geçirilişine goldaw berýär.