Press reliz

Türkmenistan durnukly ösüşe tarap ynamly ädim ädýär: BMG bilen Hususy pudagyň arasyndaky hyzmatdaşlyk platformasy öz işine başlady

24 fewral 2024

23-nji fewral 2024 ý. Aşgabat, Türkmenistan – Şu gün BMG bilen Hususy pudagyň arasyndaky hyzmatdaşlyk platformasyny işe goýbermek bilen Türkmenistan durnukly ösüşe tarap ynamly ädim ätdi. Platformany işe goýbermek boýunça BMG-niň binasynda geçirilen çäre BMG-niň, hususy pudagyň we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplaryň milli ösüş maksatlarynyň, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň we Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemekde tagallalaryny birleşdirýändiklerini görkezýär.

Çärä esasy gyzyklanma bildirýän taraplar, şol sanda BMG-niň Türkmenistandaky agentlikleriniň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri, Türkmenistandaky daşary ýurt wekilhanalarynyň ilçileri we işgärleri, Türkmenistandaky halkara guramalaryň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle-de ýurduň hususy pudagynyň wekilleri gatnaşdylar. 
 

Bu platforma konstruktiw dialog we durnukly ösüş meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk etmek üçin möhüm forum döreder. Möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin mümkinçilik döretmek bilen, bu platforma innowasion çözgütleri tapmak arkaly Türkmenistanyň ähmiýetli ösüş elde etmegine ýardam berer. Şeýle hem bu platforma bilim, tejribe we serişde alyş-çalyşy üçin merkezleşdirilen meýdançany üpjün etmek bilen öňden bar bolan tagallalara we başlangyçlara goşant goşmak üçin niýetlenendir. 
 

“BMG bilen Hususy pudagyň arasyndaky hyzmatdaşlyk platformasynyň döredilmegi ýurduň hususy pudagynyň inklýuziw we durnukly ösüşe ygrarlydygyny görkezýär” diýip, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapaçenko belledi. Şeýle hem ol “Hyzmatdaşlyk etmek arkaly biz meseleleri bilelikde çözeris we hemmeler üçin ýagty geljegi gurmak ugrunda işleri alyp bararys” diýdi. 
 

Çäräniň esasy mowzugy hususy pudagyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini we DÖM-i ýerine ýetirmäge işjeň gatnaşmagyny gazanmakdan ybaratdy. Çykyş edenleriň käbirleri innowasiýalary, serişdeleri we hususy pudagyň tejribesini ulanmak arkaly Türkmenistanyň durnukly ösüşini tizleşdirip boljakdygy baradaky pikiri goldadylar.
 

Geljekde bu platforma ýurduň ösüş meýilnamasyny düzmekde we oňyn netijelere ýetmekde möhüm orun eýelär. Yzygiderli duşuşyklar we maslahatlar gyzyklanýan taraplaryň gatnaşmagyny we habarly bolmagyny üpjün eder hem-de hyzmatdaşlygy we maglumat alyş-çalşygyny ýola goýar.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

RCO
United Nations Resident Coordinator Office

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz