Press reliz

BMG we ösüş boýunça hyzmatdaşlary durnukly ösüş üçin hususy pudagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler

29 aprel 2024

BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapaçenko we BMG-niň Ýurt boýunça toparynyň agzalary, ösüş boýunça hyzmatdaşlary we Türkmenistandaky ilçihanalary 2024-nji ýylyň 29-njy aprelinde Ahal welýatyndaky Ýaşlyk etrabynda ýerleşýän NowaEco häzirki zaman kagyz fabriginiň önümçilik desgalaryna baryp gördüler.

Bu ýokary derejeli myhmanlaryň gatnaşmagynda geçirilen tanyşdyryş sapar BMG-niň hususy pudak bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky başlangyjynyň netijesinde gurnaldy. 2023-nji ýylda, BMG we Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesi Durnukly ösüş üçin 2030-njy ýyldaky meýilnamany we onuň durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky Özara düşünişmek  Ähtnama gol çekdiler hem-de Ähtnamany durmuşa geçirmek üçin amaly mehanizmi bolan BMG-Hususy pudak hyzmatdaşlygy platformasyny üstünlikli işe girizdiler.

Kompaniýanyň ýolbaşçylary bu guramaň öňüne goýlan wezipeleri we maksatlary, kagyz önümçiliginde ulanylýan durnuklylyk ýörelgelerine we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalara gönükdirilen innowasion iş amallaryny barada gürrüň etdiler.

NowaEco-da kagyz we karton önümçiliginiň esasy çeşmesi hökmünde ulanylýan oba hojalygyň we dokma senagatyň galyndylary, ozal ýakylýardy ýa-da çöllük ýerlerde ýygnalýardy. Oba hojalygy we dokma senagatyň galyndylaryny gaýtadan işlemek üçin ekologiýa taýdan arassa tehnologiýany ornaşdyryp, 290 müň tonna galyndydan gasynlanan kartonlar, kagyz haltalary we karton, depderler we A4 ofis kagyzy ýaly 230 müň tonna  önüm öndürmek mümkin boldy.

NowaEco-nyň dolandyryş topary girdejilerinden daşary bolan peýdaly işleri baradaky pikirlerini paýlaşdy. Taslama, Ahal welaýatynyň ýaşaýjylary üçin 500-den gowrak iş ýerini döretdi, Türkmenistanda ykdysadyýetiň iki esasy pudagynyň uglerod yzyny (carbon footprint) ep-esli azaltdy, oba hojalygy we dokma senagaty, kärhana we ýerli derejede sirkulýar ykdysadyýet (circular economy) ýörelgelerini girizdi we goşant goşdy DÖM-iň 1, 8, 9, 12, 13 we 15 durmuşa geçirilmegine ýardam etdi. Kompaniýanyň web sahypasynda has giňişleýin görüp bilersiňiz: NowaEco – Making Sustainable Future Reality

BMG we Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesi durnukly iş tejribeleri baradaky bilimleri Türkmenistanda ýaýratmagy dowam etdirer, şeýle hem sebitde durnukly ösüşe we DÖM-iň durmuşa geçirilmegine goşant goşýan türkmen hususy kärhanalarynyň arasynda öňdebaryjy tejribäni sebitlerde wagyz etmegi maksat edinýär.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

RCO
United Nations Resident Coordinator Office
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz