Tabşyryşygyň soňky güni
18 aprel 2021Iş orunlar
IOMTürkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna migrasiýa maglumatlaryny ýygnamakda, derňemekde we ulanmakda ýardam etjek esasy mümkinçilikleri kesgitlemek üçin zerurlyklary ýüze çykarmak işlerini ýerine ýetirjek halkara hukuk geňeşçisi/hünärmen
Hünärmen Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna migrasiýa maglumatlaryny ýygnamak, derňemek we ulanmak boýunça gerek bolan zerurlyklaryny gözden geçirmeli. Hünärmeniň MHG tarapyndan gözden geçiriljek we tassyklanyljak zerurlyklary ýüze çykarmak boýunça ulanyljak usullaryň we gurallaryň sanawyny düzmegine garaşylýar. Taslamanyň çäklerinde Döwlet migrasiýa gullugynyň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň we beýleki degişli edaralaryň gatnaşmagynda duşuşyklaryň sanly wideo aragatnaşyk arkaly geçirilmegi meýilleşdirilýär. Zerurlyklary bahalandyrmakdan ugur alyp, taslama jyns taýdan duýgur maglumatlary ýygnamak we seljeriş usulyýetleri boýunça birnäçe okuw sapaklaryna ýolbaşçylyk eder, bu 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibi boýunça ýurduň borçnamalaryny ýerine ýetirmekde öňegidişlik barada hasabat bermek üçin ulanylar.
Häsiýetnama we terjimehaly tabşyrmagyň soňky möhleti – 18-nji aprel 2021 ý. (iş gününiň ahyryna çenli)
Isleg bildirýän dalaşgärleriň ählisi öz resminamalaryny şu salga ýollap bilerler: dchariyeva@iom.int.
Has giňişleýin maglumaty TOR -dan okap bilersiňiz.