BMG-nyň agentlikleri Türkmenistanda

FAO
Azyk we oba-hojalyk guramasy ýöriteleşdirilen gurama bolup, ol açlyga garşy göreşmek boýunça halkara tagallalara baştutanlyk edýär. Biziň maksadymyz ähli adamlar üçin azyk howpsuzlygyny üpjün etmekden, şeýle-de adamlaryň işjeň we sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekden ybarat.
ILO
Halkara zähmet birleşigi durmuş adalatlylygyny we halkara derejede tassyklanan adam hukuklaryny we zähmet hukuklaryny öňe çykarmak bilen meşgullanýar, şeýle-de umumy hem-de ygtybarly parahatçylyk üçin durmuş adalatlylygynyň zerurlygy baradaky esasy wezipesine eýerýär.
IOM
Halkara migrasiýa guramasy ynsanperwer we tertipleşdirilen migrasiýanyň migrantlara we jemgyýete peýda getirýändigi baradaky ýörelgä eýerýär. Migrasiýa boýunça öňdebaryjy halkara guramasy hökmünde, halkara jemgyýetçiligi boýunça özüniň hyzmatdaşlary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýýar.
ITC
Halkara söwdasy boýunça merkeziň wezipesi umumy we durnukly ykdysady ösüşe, şeýle-de Birleşen milletler guramasynyň durnukly ösüş boýunça umumy maksatlaryna ýetmegine ýardam bermekden ybarat. Halkara söwdasy boýunça merkez “söwdanyň peýdaly täsirini” döretmegiň üstünde işleýär.
OHCHR
BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň müdirliginiň wezipesi ähli adamlar üçin adam hukuklaryny goramakdan, adamlara özleriniň hukuklaryndan peýdalanmaga ýardam bermekden hem-de bu hukuklary goramaga we durmuşa geçirmäge jogapkär bolanlara kömek bermekden ybarat.
UN ESCAP
Aziýa we Ýuwaş ummany üçin ykdysady we durmuş komissiýasynyň maksady Aziýa we Ýuwaş ummany sebitinde durnuklylygy döretmekden ybarat bolup, ol ösüşi, durmuş adalatlylygyny we durnuklylygy gazanmak üçin döredildi. Biziň wezipämiz umumy hem-de durnukly ykdysady we durmuş ösüşi üpjün etmekden ybarat.
UNDP
BMG-nyň Ösüş maksatnamasy 170-e golaý ýurtda işläp, garyplygy ýok etmek, deňsizligiň ähli görnüşlerini azaltmak we ýurtlarda öňegidişlikler üçin ähli mümkinçilikleri döretmek ugrunda edilýän tagallalary berkitmek ýaly pudaklarda ýurtlara ýardam berýär.
UNDSS
BMG-niň Gorag we howpsuzlyk boýunça bölümi BMG-niň maksatnamalarynyň bütin dünýä ýaýradylmagyny üpjün etmek ugrunda ýokary derejeli gorag we howpsuzlyk hyzmatlaryny üpjün edýär.
UNESCO
UNESKO-nyň wezipesi bilimiň, ylmyň, medeniýetiň, aragatnaşygyň we maglumatyň üsti bilen parahatçylygy berkitmäge, garyplygy aradan aýyrmaga, durnukly ösüşi hem-de medeniýetara gepleşikleri üpjün etmäge ýardam bermekden ybarat.
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy islenilmeýän göwreliligiň ýok bolan, islendik çaga dogruşyň howpsuz bolan, her ýaş şahsyň potensialynyň ýokary bolan dünýäsini döretmek boýunça BMG-niň öňdebaryjy gullugy bolup hyzmat edýär. BMG-niň Ilat gaznasy 155 sany ýurtda millionlarça zenan we ýaş erkek üçin işleýär.
UNHCR
Bosgunlar boýunça BMG-niň ýokary komissarynyň müdirliginiň wezipesi bosgunlary goramak boýunça halkara tagallalary utgaşdyrmakdan we bütin dünýäde olar bilen baglanyşykly meseleleri çözmekden ybarat.
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) öz işini 190 sany ýurtda alyp barýar, onuň wezipesi ähli çagalary ýeterlik üns bilen üpjün etmekden we ähli çagalaryň öz potensialyny doly derejede durmuşa geçirmäge bolan hukugyny kepillendirmekden ybarat.
UNIDO
BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasy (ÝUNIDO) umumy we durnukly senagat ösüşiniň üsti bilen garyplygy ýok etmäge maksat edinýär. ÝUNIDO umumy we durnukly senagat ösüşiniň geljekki nesiller üçin durnukly ösüşi doly derejede durmuşa geçirmek üçin esasy faktor bolup hyzmat edýändigini hasaplaýar.
UNDRR
BMG-niň Betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak baradaky edarasynyň wezipesi, BMG ulgamynda betbagtçylyklary azaltmagy utgaşdyrmak üçin esasy edara bolup BMG-niň ulgamynyň, sebitleýin guramalarynyň, şeýle hem durmuş-ykdysady we ynsanperwer ugurlarda tagallalary birleşdirmekdir.
UNODC
BMG-niň neşe serişdeleri we jenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça bütin dünýäde öňdebaryjy gurama. BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyga garşy göreşmek guramasy ýerli bölümçeleriň uly torunyň üsti bilen dünýäniň ähli sebitlerinde işleýär.
UNRCCA
UNRCCA is a special political mission of the United Nations established in 2007 in Ashgabat, Turkmenistan upon the initiative of the five Central Asian states. Its role is to identify and address existing and potential threats to regional stability.
World Bank
Bütindünýä bank guramasy 189 sany agza döwletden ybarat bolup, onda 170-den gowrak döwletiň raýatlary işleýär, ýeke-täk bütindünýä hyzmatdaşlygyny alyp barýar: ösýän döwletlerde garyplygy azaltmak we abadançylygy ýokarlandyrmak boýunça durnukly çözgütleri bilen baglanyşykly bäş sany gurama işleýär.