Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky edarasy

Garaşsyzlygyny gazanandan soň Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň agzasy boldy. Şondan bäri BMG Türkmenistanyň Hökümeti bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edip, onuň Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) laýyk gelýän milli ileri tutýan ugurlaryny goldap gelýär.

BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň ýolbaşçylygynda Ýurt boýunça topar Hökümet bilen hyzmatdaşlykda ösüşiň esasy ugurlarynda strategik çärelerini kesgitleýär we amala aşyrýar. Bu işler üç strategiki ugur boýunça alnyp barylýar: talabalaýyk dolandyryş we inklýuziw, diwersifikasiýalaşdyrylan ykdysady ösüş; daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegine garşy çäreler hem-de oňa uýgunlaşmak; şeýle hem deňhukukly durmuş taýdan ösüş we abadançylyk. Bu ugurlar 2026–2030-njy ýyllar üçin BMG-niň Durnukly ösüş boýunça  hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynda beýan edilýär.

BMG-niň edaralary öz işlerini Netijeler toparlarynyň çäklerinde bilelikdäki iş meýilnamalary arkaly utgaşdyryp, bitewi we täsirli çemeleşmäni üpjün edýär.

Ýetilen sepgitler

Durnukly ösüşüň maksatlary Türkmenistanda

Durnukly Ösüş Maksatlary global derejede garyplygy ýok edip, ýer ýüzüniň daşky gurşawyny gorap we ähli ýerde adamlaryň parahatçylykda we abadançylykda ýaşamagyny üpjün etmek üçin işleri geçirmäge çagyrýar. Bu bolsa BMG-nyň Türkmenistandaky maksatlary bolup durýar.