BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy
Birleşen Milletler Guramasynyň Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň alyp barýan işlerinde goldaw berýär. BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy Hökümetiň ösüş ugrunda ileri tutýan ägirt uly tagallalary boýunça BMG-niň strategiki hereketlerini kesgitlemek we ol ugurda ylalaşyga gelmek üçin Hökümet bilen maslahatlaşyp BMG-niň ýurt boýunça toparyna ýolbaşçylyk edýär. Bu hereketler Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly Ösüş ugrunda Hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynda şöhlelendirilýär.
Hyzmatdaşlyk çarçuwasy Türkmenistanyň hökümeti we BMG ulgamynyň arasyndaky umumy düşünjäni we hyzmatdaşlygy tassyklaýar. Ol gülläp ösýän, inklýuziw we durnukly Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge bolan höwesi beýan edýär. Onda 2025-nji ýyla çenli DÖM bilen bir hatarda Milli ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda möhüm öňegidişlikler gazanmak göz öňünde tutulýar.
BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasynyň bäş sany esasy wezipesi bar:
1. Strategik meýilnamalaşdyryş
2. Ykdysadyýet
3. Hyzmatdaşlyk we ösüşi maliýeleşdirmek
4. Maglumatlary we netijeleri dolandyrmak we hasabat bermek
5. Aragatnaşyk we wagyz etmek
Türkmenistanda BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antóniu Guterriş Sýaozýun Greýs Wany (Hytaý Halk Respublikasy) kabul ediji hökümetiň razylygy bilen Turkmenistandaky BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy wezipesine belledi. Ol öz wezipesini 2026-njy ýylyň 1-nji iýulyndan başlap ýerine ýetirmäne başlady.
Hanym Wan halkara ösüş ulgamynda 28 ýyllyk tejribä eýe bolup, durnukly ösüş, köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk, ösüşi maliýeleşdirmek we dürli taraplaryň gatnaşmagyndaky hyzmatdaşlyk ugurlarynda ýolbaşçy wezipelerde işledi. Onuň işi orta girdejili ösüp barýan ykdysadyýetleri, iň pes derejede ösen ýurtlary, deňze çykalgasy bolmadyk hem-de kiçi ada ösüp barýan ýurtlary ýaly dürli ösüş şertlerini öz içine alýar.
Soňky döwürde ol Birleşen Milletler Guramasynyň günorta dowletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy goldaýan Edarasynda (Günorta-Günorta Hyzmatdaşlygy) Ynamdarlyk gaznasynyň direktory bolup işledi, ol ýerde global hem-de BMG-niň Günorta-Günorta hyzmatdaşlyk ynamdarlyk gaznasyna gözegçilik etdi we Durnukly Ösüş Maksatlarynyň durmuşa geçirilmegini goldamak üçin hyzmatdaşlygy ösdürmäge, serişdeleri mobilizirlemäge ýolbaşçylyk etdi. Mundan öň, ol BMG-niň Günorta-Günorta hyzmatdaşlyk edarasynyň wagtlaýyn direktory we direktoryň orunbasary wezipelerinde işledi, Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy boýunça ulgamlaýyn utgaşdyrmalara ýolbaşçylyk etdi, hökümetara prosesleri we ýokary derejeli syýasy gepleşiklerini goldady, şeýle hem bilim, innowasiýa, maksatnama we dolandyryş işlerine gözegçilik etdi.
Şeýle hem, ol BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) merkezi edarasynda ýolbaşçy wezipelerinde, şol sanda Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy boýunça baş geňeşçisi we Garyplygy azaltmak boýunça global maksatnamasynyň menejeri wezipelerinde işledi. Mundan öň, ol BMGÖM-de dolandyryş, AIW we AIDS, gender we betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini dolandyrmak boýunça ýurt derejesindäki toparlara ýolbaşçylyk etdi.
BMG ulgamyna goşulmazdan ozal, hanym Wan Aziýada we Ýewropada köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, gaznalar we akademiýalar bilen işledi.
Hanym Wan London uniwersitetinde bilim we halkara ösüş boýunça doktorlyk derejesine, Pekin daşary ýurt ylymlary uniwersitetinde, Britaniýa öwreniş boýunça magistr derejesine we Stellenboş uniwersitetinde inkluziw saglygy goraýyş dolandyryş merkezinden aspirantura diplomyna eýedir.
Sýaozýun Greýs Wan
Hemişelik Utgaşdyryjynyň edarasy
Çary Nurmuhammedow
Hemişelik Utgaşdyryjynyň edarasynyň ýolbaşçysy
Wladimir Waletka
Ykdysadçy
Maksat Keşiýew
Hyzmatdaşlyk we ösüşi maliýeleşdirmek boýunça hünärmen
Geldi Myradow
Maglumatlar, gözegçilik we baha beriş boýunça hünärmen
Mähri Eýeberdiýewa
Jemgyýetçilik we aragatnaşyk işleri boýunça hünärmen
Rouz Lagrot
Howanyň üýtgemegi boýunça maslahatçy
Hakmurad Mojekow
Ýerine ýetiriji kömekçi
Döwletgeldi Charyyew
Administratiw kömekçi