Türkmenistanda Durnukly ösüşüň maksatlaryna ýetmekde biziň işlerimiz

BMG-y Türkmenistanda Durnukly ösüşüň maksatlaryny nädip goldaýar

BMG-y we onuň Türkmenistandaky hyzmatdaşlary Türkmenistanyň we dünýä ýüzüniň adamlarynyň ösüş babatynda ýüzbe-ýüz gelýän esasy meselelerini çözmäge gönükdirilen 17 sany biri-birini bagly we tutanýerli maksatlar bolan Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmek üçin işleýärler.

Durnukly ösüşüň maksatlary Türkmenistanda

Durnukly Ösüş Maksatlary global derejede garyplygy ýok edip, ýer ýüzüniň daşky gurşawyny gorap we ähli ýerde adamlaryň parahatçylykda we abadançylykda ýaşamagyny üpjün etmek üçin işleri geçirmäge çagyrýar. Bu bolsa BMG-nyň Türkmenistandaky maksatlary bolup durýar.