Guramaçylar
IOM, RCO, UNDP, UNFPA, UNICEF, UNODC, WHODurnukly ösüşiň maksatlary
Habarlaşmak üçin maglumat
mahri.eyeberdiyeva@un.orgTürkmenistanda Birleşen Milletler Guramasy Bütindünýä daşky gurşaw güni mynasybetli kampaniýasyna başlaýar
Türkmenistanda BMG-iň düzümleýin edaralary dünýäde daşky gurşawy goramak we bu ugurda geçirilýän çäreler barada habardarlygy ýokarlandyrmak üçin 14-nji maý - 5-nji iýun aralygynda Bütindünýä daşky gurşaw güni mynasybetli jemgyýetçilik kampaniýasyna başlaýar.
Ýerleşýän ýeri
Çäre barada
2021-nji ýylda Bütindünýä daşky gurşaw gününiň mowzugy “Ekoulgamy dikeltmek” we tebigat bilen biziň gatnaşygymyzy täzeden dikeltmek. Şeýle hem, ol howa şertleriniň krizisine garşy göreşmek we millionlarça görnüşleriň ýitip gitmeginiň öňüni almak üçin zeper ýetirilen we weýran bolan ekoulgamyň dikeltmegi üçin alnyp barylýan işleri köpçülikleýin ýaýbaňlaşdyrmak maksady bilen, 2021-2030-njy ýyllar üçin BMG-niň ekoulgamy dikeltmek boýunça onýyllygynyň resmi taýdan başlamagyny hem bellär.
Bütindünýä daşky gurşaw güni, herekete geçmek, tebigata ideg etmek we daşky gurşawy goramak baradaky borçnamalarymyzy täzelemek we Durnukly ösüş ugrunda 2030-njy ýyl üçin Meýilnamany öňe sürmek üçin mümkinçilikdir.
Jemgyýetçilik kampaniýasynyň meýilnamasy
BMG-niň düzümleýin edaralary Bütindünýä daşky gurşaw gününe bagyşlanan köpçülikleýin kampaniýanyň çäginde aşakdaky çäreleri bilelikde durmuşa geçirer:
- Onlaýn wideo bäsleşigi, "Siz plastik hapalanmasyna garşy göreşmek üçin näme edersiňiz?" Bu wideo bäsleşiginiň netijesinde bäsleşigiň çäginde alnan iň oňat wideolardan düzülen “Plastmassa ýok diýiň” atly soňky wideo taýýarlanar. Bu soňky wideo BMG-niňplatformalarynda görkeziler;
- Tomusky dynç alyş möwsüminde “Gökdere” jülgesinde çagalar üçin daşky gurşaw meseleleri boýunça okuw sapagy;
- BMG-niň hünärmenleriniň Aşgabat şäherinde agaç ekmek çäresi.
Maksatlar
Kampaniýa ýaşlaryň we çagalaryň arasynda daşky gurşawyň saglygy baradaky habardarlygy ýokarlandyrar we olaryň plastik hapalanmasy, gaýtadan işlemek, galyndylary dolandyrmak boýunça ekologiki bilimlerini giňelder we jemgyýetiň tebigatymyzyň we öz saglygymyzyň peýdasyna garaýyşlarynyň we endikleriniň üýtgemegine ýardam eder.
Wagt möhleti: 14-nji maý - 5-nji iýun 2021-nji ýyl.
Wideo-bäsleşik barada
Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleýin edaralary, 5-nji iýunda bellenilýänBütindünýä daşky gurşaw güniniň öňüsyrasynda “Siz plastik hapalanmasyna garşy göreşmek üçin näme edersiňiz?” atly wideo bäsleşigi yglan etdi.
Maksady
Wideo bäsleşigiň maksady plastmassanyň daşky gurşawa ýetirýän zyýanlary barada jemgyýetçiligiň habardarlygyny ýokarlandyrmak we ulularyň hem, çagalaryň arasynda oňyn daşky gurşaw endikleriniň ösmegine itergi bermek.
Wideo bäsleşiginiň ýumuşlary:
Özüňiz ýa-da dostlaryňyz bilen 1) plastmassa önümlerini ekologiýa taýdan amatly bolan önüm bilen nähili çalyşjakdygyňyzy görkezýän we / ýa-da 2) tebigaty we öz saglygyňyzy goramak üçin plastmassa önümini gaýtadan nähili ulanyp biljekdigiňizi hödürleýän we görkezýän gysga wideoňyzy tabşyryň. Tehniki talaplar:
- Gatnaşyjylar Türkmenistanyň raýatlary bolmaly;
- Wideo 15 sekunt uzyn bolmaly;
- Wideo Facebook, Instagram arkaly @UN_Turkmenistan, @undp_turkmenistan, @unicef_turkmenistan, @unfpa_turkmenistan, @who_turkmenistan #PlasticFree ýa-da #PlastikÝok heştegyny ulanyp, ýa-da Türkmenistan BMG-niň IMO sahypasy (+9365) arkaly şahsy sahypalarda ýerleşdirilmelidir.
Iň oňat wideolar aşakdaky kriteriýalaryň esasynda saýlanar: 1) mazmuny düşnükli we mowzuga degişli bolmaly; 2) wideo 15 sekund uzynlykda bolmaly; 3) ssenariý özboluşly we döredijilikli bolmaly.
Wideo bäsleşiginiň ýeňijilerine Türkmenistanda BMG-niň edarasynyň sowgatlary gowşurylar.
Türkmenistanda BMG-niň edarasy ýeňijileriň wideolaryndan ybarat bolan “Plastmassa ÝOK diýiň!” atly soňky wideony taýýarlar. Ol BMG-niň düzümleýin edaralarynyň köpçülikleýin habar beriş platformalarynda, şeýle hem 2021-nji ýylyň iýun aýynyň 5-ne, Bütindünýä daşky gurşaw güninde BMG-niň web sahypasynda ýerleşdiriler.
Wideony tabşyrmagyň iň soňky möhleti: 2021-nji ýyl, 31-nji maý, 18.00.
Dil: Wideo görkezilen dilleriň haýsydyr birinde bolup, sözler hem goşulyp bilner: Türkmen, Iňlis we Rus.