Press reliz

BMG-niň Baş Assambleýasynyň Prezidentiniň Türkmenistana sapary sebitleýin parahatçylyk we durnuklylyk, gender deňligi we COVID-19-dan soň durmuş-ykdysady dikeldiş ýaly meselelere gönükdirildi

05 iýul 2021

  • Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Prezidenti Onuň Alyhezreti jenap Wolkan Bozkir 4-5-nji iýul aralygynda Türkmenistana eden saparyny tamamlady.

     

Prezident Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti, Onuň Alyhezreti jenap Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan garşy alyndy. Baş Assambleýanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine köptaraplaýynlyga ygrarlylygy we syýasy bitaraplygy goramakda dünýä lideri bolany üçin minnetdarlyk sözlerini aýtdy.

Olar COVID-19-dan soňky dikeldişiň zerurlygy, Aral deňzinde dowam edýän daşky gurşaw çökgünligi, şeýle-de ykdysady ösüşi ýokarlandyrmak we parahatçylygy we durnuklylygy saklamak üçin sebitde söwdany we infrastrukturany güýçlendirmegiň zerurlygy barada pikir alyşdylar.

Şeýle hem, Prezidentler Owganystandaky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşdylar we Owganystana we onuň halkyna ýurtda parahatçylyk we syýasy ýaraşyk ýolunda goldaw bermegiň möhümdigini aýtdylar.

Baş Assambleýanyň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady we syýasy bitaraplygyň çärýegini ykrar etdi.

Ondan başga-da, Prezident zenan liderlere aýratyn üns bermek bilen Türkmenistanda geçiriljek sebitleýin maslahatyň meýilnamalary üçin minnetdarlygyny bildirdi.

Şeýle hem, Prezidentler COVID-19 sanjymlarynyň hemme ýerde, hemmeler üçin deň ýagdaýda we adalatly elýeterliligiň zerurdygyny bellediler.

Baş Assambleýanyň Prezidenti BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkezine ýolbaşçylyk etmegini dowam etdirýändigi we gepleşikler hem-de diplomatiýa arkaly alyp barýan işleri üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi.

Ondan başga-da, Prezident Türkmenistanyň Daşary işler ministri jenap Raşid Meredow bilen ikitaraplaýyn duşuşyga we günortanlyk naharyna gatnaşdy. Global pandemiýadan soň dikeldilmegi we Durnukly ösüş maksatlarynda öňegidişligi çaltlaşdyrmagyň zerurlygy barada pikir alyşmakdan başga-da, Prezident we Daşary işler ministri orta girdejili ýurtlar we deňze çykalgasy bolmadyk ösýän ýurtlar üçin ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekdäki kynçylyklar barada oýlandy. Şeýle hem, olar howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin hereket, sanlaşdyrma we aragatnaşyk, şeýle hem Owganystandaky soňky öňegidişlikler barada söhbetdeşlik etdiler.

Prezidentiň soňky ikitaraplaýyn duşuşygy Türkmenistan Mejlisiniň başlygy hanym Gülşat Mämmedowa bilen boldy. Prezident parlamentler bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň arasyndaky meňzeşlikleri beýan edip, olaryň her biriniň COVID-19 pandemiýasy döwründe-de işlemegiň we adamlara hyzmat etmegiň jogapkärçiliklidigi barada belläp geçdi.

Ikitaraplaýyn maslahatlaşmalardan başga-da, Prezident BMG-niň Ýurt boýunça topary bilen Türkmenistany we Merkezi Aziýa sebitini goldamak boýunça alnyp barylýan başlangyçlar we tagallalar barada pikir alyşdy.

Chary Nurmuhammedov

Çary Nurmuhammedow

RCO
BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy BMG-niň utgaşdyryş işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy
OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
RCO
United Nations Resident Coordinator Office
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNDSS
BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň howpsuzlyk we goraglylyk bölümi
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNHCR
BMG-niň Bosgunlar baradaky ýokary komissary
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
UNOPS
BMG-niň Taslamalara hyzmat etmek müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz