Press reliz

HMG milli meýilnamalaşdyryş we strategiýany işläp düzmek işleri üçin migrasiýa barada maglumatlary ulanmak boýunça milli okuw maslahatyny geçirdi

24 maý 2022

  • Halkara Migrasiýa Guramasy (HMG) – BMG-niň Migrasiýa Guramasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy bilen bilelikde, HMG-niň Ösüş Gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýän, “Türkmenistanda ösüş ugrunda milli meýilnamalar üçin migrasiýa barada maglumatlary ýygnamak, derňemek we ondan peýdalanmak üçin milli mümkinçilikleri ösdürmek” atly taslamanyň çäginde “Milli meýilnamalaşdyryş we strategiýany işläp düzmek işleri üçin maglumatlardan peýdalanmak” atly milli okuw maslahatyny geçirdiler. 

Maslahatyň maksady subutnamalara esaslanýan migrasiýa maglumatlary we görkezijileri esasynda migrasiýa pudagyny dolandyrmak boýunça syýasaty işläp düzmek üçin Türkmenistanyň hökümetine goldaw bermek, şeýle hem milli migrasiýa strategiýasyny işläp düzmek üçin migrasiýa barada maglumatlary ulanmak ugrunda mümkinçilikleri artdyrmak boldy. Bu okuw maslahaty migrasiýa barada maglumatlary ýygnamakda we derňemekde gender meselelesini göz öňüne tutup, milli meýilnamalaşdyryş işlerinde erkek we aýal migrantlarynyň deň derejede garalmagyny üpjün etdi.

Bu okuw maslahatyna migrasiýa barada maglumatlary ýygnamak bilen megullanýan Türkmenistanyň hökümetiniň ministrlikleriniň we pudaklarynyň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, Türkmenistanyň Döwlet statistika komiteti, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Döwlet, Hukuk we Demokratiýa instituty we Türkmenistanyň Mejlisi gatnaşdy. Okuw maslahatynda migrasiýa dolandyryşy, statistika, sosiologiýa ugrunda halkara hünärmenler, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we Russiýa Federasiýasynyň milli hünärmenleri, şeýle hem maglumatlary gözlemek, ýygnamak we seljermek boýunça HMG-niň sebitleýin hünärmenleri çykyş etdiler.

Döwletgeldi Çaryýew

Döwletgeldi Çaryýew

IOM
Jemgyýetçilik we aragatnaşyk işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz